DÜNÝÄ

Özbegistan we Gyrgyzystan söwda möçberini 2 milliard dollara ýetirer

Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Özbegistan Respublikasynda döwlet saparynda boldy. Daşkent şäherinde Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda ýokary derejede gepleşikler geçirildi.

Iki ýurduň Liderler gepleşikleriň jemleri boýunça Döwletara geňeşini döretmek babatda ylalaşdylar. Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberini artdyrmak boýunça pikir alyşdylar.

Özara söwdanyň möçberini artdyrmak üçin iki ýurduň paýtagtynda söwda öýleri dörediler we ýakyn ýyllarda söwda dolanyşygyny 2 milliard dollara ýetirmek maksat edinilýär.

Senagat korporasiýasynyň işjeň taslamalarynyň bahasy 300 million dollara deň boldy. Özbek-gyrgyz gaznasynyň esaslyk maýasyny 200 million dollara çykarmak meýilleşdirildi.

Energetika pudagynda strategik hyzmatdaşlygyň ösdürmek boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, Kambarata gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygyňyn taslamasy boýunça şertnama baglaşylmak göz öňünde tutulýar.

Ýokary derejedäki gepleşikler tamamlanandan soňra Mirziýoýew we Žaparow täze iri taslamalaryň gurluşygyna badalga berdiler.

bu babatda Özbegistanyň Fergana we Namangan oblastlarynda umumy kuwwaty 400 megawatt bolan iki sany Gün elektrik stansiýalary gurlar. Bu stansiýalarda öndürilýän elektrik energiýasy Gyrgyzystana iberiler.

Şeýle hem Gyrgyzystanyň Çuý oblastynda döwrebap ýeňil awtoulaglary önümçiligi üçin niýetlenen zawod işe girizildi. Bu ýerde «Kobalt», «Oniks» we «Treker», şeýle hem ýük awtoulaglary öndüriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Mejlisinde Halkara zenanlar güni mynasybetli dabara geçirildi

Halkara zenanlar güni: Türkmenistanyň we Eýranyň zenanlarynyň duşuşygy

Russiýa ABŞ-a täze ilçi belledi

Ýewropanyň Täzeleniş we ösüş bankynyň wekiliýetiniň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda halkara simpoziumyna gatnaşdy

4 ýurduň nebit kompaniýalarynyň özara hyzmatdaşlygy

Ata Watan Eserleri