JEMGYÝET

Özbegistan Türkmenistanyň halkara gaz geçirijiler taslamalaryny goldaýar

Özbegistan Türkmenistanyň türkmen gazynyň sebitde eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak babatdaky taslamalaryny goldaýar, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyna we Türkmenistanyň uglewodorod çig malyny öndürmek babatdaky mümkinçiliklerine ýokary baha berýär. Bu barada Aşgabatda geçirilýän  «Türkmenistanyň nebiti we gazy» atly halkara forumyna gatnaşan Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow belläp geçdi.

Özbek ministri öz ýurdunyň energi çeşmelerine zerurlyk duýýan döwründe Türkmenistanyň tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça goldawlaryna minnetdarlyk bildirdi.

Ol Türkmenistan ýagyç-energetika toplumynda özara bähbitli we uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini belläp geçdi.

Özbegistanyň ministri häzirki wagtda türkmen elektrik energiýasyny, tebigy gazyny, gaz kondensatyny, nebitini we nebit önümlerini ibermek, şeýle hem türkmen elektrik energiýasyny Gyrgyzystana üstaşyr ibermek boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny aýtdy.

Özbegistan Türkmenistan bilen geologik gözlegler, Türkmenistanyň çäginde uglewodorod serişdelerini işläp çykarmak, şeýle hem türkmen gazyny uzakmöhletleýin esasda üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär, diýip Özbegistanyň energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow halkara forumdaky çykyşynda belledi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi

Türkmenistanyň Prezidenti Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine täze ýolbaşçy belledi

Batyr Annaýew Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk toplumy boýunça orunbasary wezipesine bellendi