BIZNES

Özbegistan Türkmenistandan satyn alýan elektrik togunyň möçberini artdyrdy

Özbegistan Respublikasy Türkmenistandan satyn alýan elektrik energiýasynyň möçberini artdyrdy. Bu barada “uzdaily.uz” internet neşiri habar berýär.

Neşiriň berýän maglumatyna görä, Özbegistan Türkmenistandan import edýän elektrik energiýasynyň bir gije-gündiziň dowamyndaky möçberini ýokarlandyrdy. Ýurduň Energetika ministrliginiň berýän maglumatyna laýyklykda, Türkmenistandan alynýan bir gije-gündiziň dowamyndaky elektrik energiýasynyň möçberi 17-18 million kWt/sagatdan 20-21 million kWt-sagada çenli artdyryldy.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň oktýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana amala aşyran resmi saparyň çäklerinde elektrik energetika ugry boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ylalaşyk gazanylypdy.

Şoňa görä-de, Özbegistan Türkmenistandan 4 milliard kilowat/sagat elektrik energiýasyny satyn almagy meýilleşdiripdi.

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi