BILIM

Özbegistan Ginnesiň rekordlar kitabynda: bir günde 1,9 müňden gowrak robot

Özbegistanda täze dünýä rekordy goýuldy – 1946 ýaş inžener bir wagtda 1946 robot ýygnady. Özbegistanyň metbugatynyň habar bermegine görä, bu üstünlik Ginnesiň rekordlar kitabyňyň wekilleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy.

Rekord “Muhandislik Missiýasy” (“Inženerlik missiýasy”) atly festiwalyň çäklerinde goýuldy.

Bu ugurda öňki rekord 2023-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Hindistanyň Bhopal şäherinde goýlupdy. Şonda 1459 okuwçy ekin ekmek we ösümliklere ideg etmek üçin oba hojalyk robotlaryny ýygnapdy.

Robotlar 25 minutda ýygnandy we çäräniň resmi emini tarapyndan bu rekord hasaba alyndy. Bu rekord synanyşygy hasaba almak üçin çärä gatnaşan “Guinness World Records” guramasynyň wekili Karlo Peri Sewill Özbegistanyň ýokary bilim, ylym we innowasiýa ministri Kongratbaý Şaripowa degişli şahadatnamany gowşurdy.

 

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Ilçihanasy gyşky “EnglishPalooza” dil okuwyna bellige alşy başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň uniwersitetleri “UI Green Metric 2025” reýtinginde

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň durnukly 10 uniwersiteti yglan edildi: “UC Davis” 7-nji orunda

Pakistan — Türkmenistan: bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda başlangyçlar

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Dr.Döwran Orazgylyjov