DÜNÝÄ

Özbegistan bilen Hytaý haryt dolanyşygyny 20 milliarda ýetirer

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin “Bir guşak, bir ýol” halkara forumynyň çäklerinde ikiçäk duşuşyklar geçirdi. Şol duşuşykda taraplar iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberini 20 milliard dollara ýetirmek babatda ylalaşdylar.

Bäş ýyllyk maksatnamanyň çäklerinde iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ösdürilip, Hytaýyň maýa goýumlarynyň möçberi 5 esse, hytaýly kompaniýalaryň sany 3 esse artdy. Şu ýylyň dowamynda haryt dolanyşygynyň möçberi 36 göterim artyp, ýylyň ahyryna çenli 10 milliard dollara ýetjekdigi aýdyldy.

Özbegistan bilen Hytaý geljek 5 ýylyň dowamynda haryt dolanyşygynyň möçberini 20 milliard dollara ýetirmegi meýilleşdirýär.

Hytaýyň kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Özbegistanda alternatiw energetika, himiýa, maşyngurluşyk, metallurgiýa, elektrotehnika we beýleki ugurlarda birnäçe iri taslamalar durmuşa geçirilýär.

Şeýle hem taraplar ýokary gymmatlygy bolan innowasion önümleriň önümçiligini ýola goýmak babatda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirdiler.

Iki ýurduň Prezidentleri medeni-ynsanperwer ugurly gatnaşyklara hem aýratyn üns berip, Özbegistanda hytaý dilini öwrenmäge gyzyklanmanyň artýandygyna kanagatlanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, Özbegistanyň Prezidenti Hytaýyň iri ýokary okuw mekdepleriniň Sinhua we Pekin uniwersitetleriniň Daşkent şäherinde şahamçalaryny açmagy teklip etdi.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri