SPORT

Özbegistan bilen Azerbaýjan futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirmegi meýilleşdirýär

Özbegistanyň we Azerbaýjanyň Futbol assosiasiýalary 2027-nji ýylda ýaşlar ýygyndylarynyň (U-20) arasynda dünýä çempionatyny geçirmek üçin Halkara futbol federasiýasyna (FIFA) bilelikdäki ýüz tutdy. Bu barada Özbegistanyň Futbol assosiasiýasy habar berdi.

Bilelikdäki dünýä çempionatyny geçirmek pikiri ilkinji gezek Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň Azerbaýjana eden sapary wagtynda öňe sürüldi. Özbek Lideri, Prezident Ilham Alyýewi we Azerbaýjanyň halkyny Bakuwda geçirilen kiçi futbol boýunça dünýä çempionatynda ýeňiş gazanmagy bilen gutlap, indiki halkara ýaryşyny FIFA-nyň howandarlygynda geçirmek üçin bilelikdäki teklip hödürledi.

Futbol birleşikleriniň belleýşi ýaly, soňky ýyllarda iki ýurt hem futbol infrastrukturasyny ösdürmekde we halkara arenasyndaky abraýyny güýçlendirmekde ep-esli ösüş gazandy. Özbegistan we Azerbaýjan ýaryşy ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmäge taýýardyklaryna ynam bildirdiler.

Özbegistanyň Futbol assosiasiýasynyň metbugat gullugy soňky ýyllarda Özbegistanda stadionlaryň halkara ülňülerine laýyklykda täzeden gurlandygyny aýtdy.

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri