SPORT

Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen tutluşyga çykar

Ýarym agyr agram derejesinde PFL ligasynyň häzirki çempiony, türkmenistanly türgen Döwletjan Ýagşymyradow nobatdaky tutluşygyna çykar.

Söweş sungaty dünýäsinde ajaýyp waka Birleşen Arap Emirliklerinde bolar. Garyşyk söweş sungaty boýunça tejribeli türgen Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Andersona garşy göreşer.

Bu tutluşyk 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda “PFL – Professional Fighting Championship” ýaryşynyň çäklerinde bolar. Dubaý şäherinde geçiriljek bu tutluşyk MMA janköýelerine uly gyzyklanma döreder.

Şol gün geçirijek ýaryşyň çäklerinde iki sany güýçli türgenler  – Döwletjan Ýagşymyradow bilen Kori Andersonyň tutluşygy gijeniň esasy sport wakasy bolar.

Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 29-njy noýabrdan 30-njy noýabra geçilen gije Saud Arabystanynyň Er-Riýad şäherinde “PFL 2024” garyşyk söweş sungaty ýaryşynyň final tutluşyklary geçirilipdi. Şol ýaryşlaryň birinde Döwletjan Ýagşymyradow bilen Impa Kasanganaý duşuşygy bolupdy. Tutluşyk ýarym agyr agramda geçirildi we ildeşimiz Döwletjan Ýagşymyradow ýeňiş gazandy hem-de çempionlyk guşagyna eýe bolupdy.

Ýene-de okaň

Awazada Balkan welaýatynyň taryhynda ilkinji gezek küşt boýunça Gran-pri ýaryşy badalga aldy

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy