DÜNÝÄ

Owganystanyň dag magdan we nebit ministri Türkmenistana geldi

Owganystanyň dag-magdan senagaty we nebit ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Hidaýatulla Badriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanda saparda bolýar. Bu barada Owganystanyň degişli ministrligi habar berýär.

Owgan wekiliýeti saparyň çäklerinde Türkmenistanyň degişli ministrliklerinde gepleşikler geçirerler. Şol gepleşiklerde Türkmenistan-Owganystan-Pakistan optiki-süýümli liniýanyň, demirýol taslamalarynyň gurluşygy, şeýle hem Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň owgan böleginiň gurluşygyna iş ýüzünde girişmek bilen bagly ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar ara alnyp maslahatlaşylar.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Hyrat welaýatynda bolup, bu ýerde Owganystanyň daşary işler ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Amir Han Muttaki bilen iki ýurduň arasynaky möhüm infrastruktura taslamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda pikir alşypdy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri