DÜNÝÄ

Owganystanda ýer titredi

Owganystanyň gündogar Kunar welaýatynda 6,0 güýjünde ýer titremesi bolup geçdi. Deslapky maglumata görä, onuň netijesinde 500-den gowrak adam pida boldy diýip, metbugat gulluklary habar berýär.

Owganystanyň Maglumat ministrliginiň wekilleriniň sözlerine görä, ýer titremeden has köp zyýan çeken ýerler Kunar welaýatynyň etraplary boldy. Ýolaryň köpüsi toprak süýşmesi sebäpli ýapyldy, halas ediş işleri bolsa dikuçarlaryň kömegi bilen alnyp barylýar.

Zyýan çekenleriň arasynda 500-den gowrak adam bar, şeýle-de heläk bolanlaryň sanynyň artmagyna garaşylýar.

Owganystanyň wagtlaýyn hökümetiniň metbugat sekretary Zabihullah Mujahid jemgyýetçilik tory arkaly beren beýanatynda, ýer titremäniň adam pidalaryna we heläkçiliklere sebäp bolandygyny tassyklady.

– Gynansak-da, şu günki ýer titremesi adam pidalaryna we gündogar welaýatlaryna zyýan ýetirmegi dowam etdirdi” – diýip, ol aýtdy.

Ol ýerli häkimiýetleriň we ilatynyň halas ediş işlerine gatnaşýandygyny, merkezi hökümetden we goňşy welaýatlardan toparlaryň betbagtçylyk sebitine ugradylyp başlanandygyny belledi.

Ýerli häkimiýet bu ýer titremäni ýurtda bolup geçen iň güýçli ýer titremeleriň biri hökmünde häsiýetlendirýärler.

ABŞ-nyň Geologiýa gullugynyň maglumatlaryna görä, ýer titremäniň merkezi Jalalabad şäheriniň demirgazyk-gündogaryndan 27 km uzaklykda, ýerasty 8 km çuňlukda, Pakistanyň serhedine golaý ýerde ýerleşýär.

Ýene-de okaň

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy

Türkiýäniň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryna Atatürk adyndaky halkara parahatçylyk baýragyny gowşurdy

Nowruz baýramynda körpeler üçin şowhunly çykyşlar

Ata Watan Eserleri