DÜNÝÄ

Owganystana ynsanperwerlik kömegi iberiler

Türkmen halkynyň gadymdan gelýän däp-dessurlaryndan, ata-babalarymyzyň dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerinden ugur alyp, şeýle hem asylly ynsanperwer işleriň oňyn tejribesini dowam etmek maksady bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň goldaw bermeginde, 2023-nji ýylyň oktýabr aýynda doganlyk Owganystanyň halkyna ynsanperwerlik kömegini ibermek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine, Oba hojalyk ministrligine, Dokma senagaty ministrligine, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesine lukmançylyk maksatly serişdeleri, dokma harytlary hem-de azyk önümlerini ynsanperwerlik kömegi hökmünde Owganystana muzdsuz bermek tabşyryldy.
Şeýle hem resminama bilen, Daşary işler ministrligine 2023-nji ýylyň oktýabr  aýynda Owganystana ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegini we gowşurylmagyny guramaçylykly, ýokary derejede geçirmek tabşyryldy.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri