Türkmenistan döwletimiz Owganystan Yslam Respublikasyna iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini yzygiderli artdyrýar. Häzirki wagtda goňşy ýurda elektrik energiýasynyň möçberini artdyrmak babatda alnyp barylýan işler barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hasabat berildi.
Ýurdumyzda öndürilýän elektrik energiýasyny goňşy Owganystan ibermek hakyndaky şertnamalar 2017-nji ýylyň noýabrynda kabul edilen Türkmenistanyň Prezidentiniň ýörite Kararlaryna laýyklykda baglaşyldy. Häzirki wagtda owgan tarapyna Serhetabat-Hyrat Turgundy hem-de Rabatkaşaň-Kalaýnau ugurlary boýunça iberilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini artdyrmak babatda zerur işler geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, goňşy döwletlerde, hususan-da Owganystan bilen gatnayklara berilýän ähmiýet barada belledi. Türkmenistan dünýäde energiýa serişdeleriniň gorlary boýunça baý döwletleriň biri bolmak bilen, diňe içerki sarp edijilerini elektrik energiýasy bilen ygtybarly we bňkdençsiz üpjün etmäge ukyply bolmak bilen çäklenmän, eýsem onuň eksportunyň möçberini, şol sanda Owganystana iberilýän elektrik energiýasynyň möçberini yzygiderli artdyrmaga ukyplydyr, diýip milli Liderimiz belledi.
Biz geljekde-de dostlukly owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bereris, şeýle hem täze bilelikdäki taslamalary amala aşyrarys, olar Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly kadalaşdyrmaga, durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny berkitmäge, tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysayd taýdan ösmegine önjeýli goşandymyz bolar, diýip hormatly Prezidentimiz belläp geçdi.
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!