DÜNÝÄ

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Owganystanyň işleri boýunça ýörite wekili Ýue Sýaoýunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar uzak möhletleýinlik, özara bähbitlilik esasynda amala aşyrylýan strategiki döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi barada pikir alyşdylar.

Bellenilişi ýaly, döwletara hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmeginde iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň duşuşyklaryna möhüm orun degişli, olar türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ösmegine hem-de giňeldilmegine kuwwatly itergi berýär.

Türkmenistanyň Owganystandaky durnuklylygy saklamak boýunça köptaraplaýyn halkara meýdançalaryna goňşy ýurduň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň durnukly dikeldilmegini we ösmegini höweslendirmegiň möhüm faktory hökmünde garaýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar Türkmenistanda geçiriljek Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň 5-nji duşuşygyna taýýarlygyň barşy barada pikir alyşdylar.

Söhbetdeşler Türkmenistanyň we Hytaýyň dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, Owganystanyň ykdysady taýdan dikeldilmegi üçin hemmetaraplaýyn goldawy bermegi dowam etdirjekdiklerini tassykladylar.

Ýene-de okaň

ABŞ 75 döwletiň raýatlary üçin immigrasiýa wizalaryny wagtlaýyn togtadýar

Täze Amerikan wiza çäklendirmesi öňki käbir ýurtlardaky gadagançylygy aradan aýyrýarmy?

Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen netijeli hyzmatdaşlygyň tarapdary

Germaniýa bilen Hindistan 27 ylalaşyk baglaşdy

Kanadanyň Premýer-ministri 8 ýyldan soň ilkinji gezek Hytaýa barar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Türkiýäniň ilçisi bilen duşuşyk geçirildi