SIZDEN GELENLER

Ösümlik we saz

Göräýmäge, diñe gulagy bar bolan janly – jandarlar eşidip bilýän ýalydyr.Emma şeýle-de bolsa, XX asyrda geçirilen birnäçe barlaglar ösümliklere hem aýdym-saz sesleriniñ täsir edýändigini subut etdi. Ösümlikleriñ boý almagy we hasyllygynyñ ýokarlanmagy üçin haýsy saz gowy? Alymlar aýdym-sazyñ ösümliklere edýän täsirini öwrenip, ösümlikleriň ses ýygylyklaryna we intensiwligine jogap berýändigini subut etdiler. Ösümlikleriñ ösüşi esasan ses ýygylyklaryna baglydyr. Şeýlelik bilen, 6 kGs ýygylygy bolan tolkunlarda ösümlikler – has çalt, 7-9 kGs ýygylykda – has haýal ösýärler. 10 kGs-dan ýokary bolanda ösümlik ýaşamagyny bes edýär. Alymlaryñ pikiriçe, ösümliklere ses täsiri energiýanyñ ýygnanmagyna we ösümlik organizminde metabolizmi çaltlaşdyrýan rezonans mehanizmine esaslanýar. Rezonans, daşky täsir çeşmesiniñ yrgyldy ýygylygy ulgamdaky tebigy yrgyldylaryñ ýygylygyna ýakynlaşsa, islendik ulgamdaky yrgyldylaryñ amplitudasy birden ýokarlanýan fiziki hadysadyr. Ses signaly ösümlik öýjüklerinde we dokumalarynda rezonans ulgamlary bilen kabul edilýär we bu yrgyldamalaryñ amplitudasy olary ýokarlandyrýar. Netijede ösümligiñ öýjüklerinde we dokumalarynda bolup geçýän prosesleriñ intensiwliginde ösüş bolýar.Ösümlikleriñ R.Bahyñ sazyna oñyn jogap berendikleri, baldaklaryñ ses çeşmesine çekilendigi synag arkaly barlanyldy. Dürli ýurtlarda şuña meñzeş synaglaryñ köpüsi geçirildi. Saz diñledilen bugdaý nahallarynyñ himiki düzümini öwrenmek bilen, gözegçilik edilýänler bilen deñeşdirilende A witamini 20 esse, B we C witamini 5 esse köplügi subut edildi. Dürli çynlakaýlyk bilen şeýle synaglary geçirmek mümkin. Emma hakykat hakykatlygyna galýar – ösümlik organizmleriniñ öýjükleriniñ protoplazmasynyñ hereketi sazyñ täsiri astynda çaltlaşýar.

Aýgül  Hallyýewa

TOHI-niň Agronomçylyk fakultetiniň talyby.

 

 

Ýene-de okaň

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Şekillendiriş sungaty sapagynyň ähmiýeti

Internet torunyň orny we ähmiýeti

Iňlis dili-täze mümkinçilikler

Beýik Seljuk döwletinde bilimiň gurnalmagynda Mälik şanyň hyzmatlary

Bilim – ösüşleriň berk binýady