ÝAKYMLY ÝATLAMALAR

Osman Saparow: kino sungatynyň kämil halypasy

«Magtymguly Pyragynyň çagalyk döwri hakynda «Arzyman» atly çeper filme başlamak üçin ýer gözläp Sumbar jülgesinde durdum. Şol wagtam halypam Osman Saparowdan jaň geldi. — Çaryýar, bilýäňmi, düýn «Arkadag» teleýaýlymynda «Ýurt eýesi» çeper film görkezildi. Ýaşlyk döwrümize dolanan ýaly boldum.

— Örän gowy, ýöne siz häzir meniň nirede duranymy bilýäňizmi? Hojaguly Narlyýew ikiňiziň «Bagtyndan jyda düşen Pyragy» atly filmiňiziň surata düşürilen ýerinde durun diýdim — diýip, şägirdi gürrüň berdi.

Uzak gürleşip durmadyk. Öýe gelemsoň öz-özüm: «Osman aga diýseň ussat režissýor. Onuň kärdeşi Ýazgeldi Seýidow bilen surata düşüren «Gorkak batyr» filmi milli kino sungatymyzyň naýbaşy ekran eserleriniň biri. SSSR-iň döwlet baýragyna, halkara festiwallaryň 10-12 gezek baş baýragyna mynasyp boldy. Dürli ýyllarda: Leningradda geçirilen Bütinsoýuz kino festiwalynda, Moskwada, Germaniýada, Portugaliýada, Fransiýada, Lissabonda, Kiotoda, Džifoniýada, San-Fransiskoda geçirilen halkara kino festiwallarda baş baýraklaň eýesi boldy. Bu film türkmeniň milliligi, tebigaty bilen sazlaşýan juda şowly çykan filmleň biri. Şol filme her gezek tomaşa edenimde režissýory Osman aga hakynda oýlanýan. Belli kinorežissýor, SSSR-iň Döwlet baýragynyň eýesi, Türkmenistanyň halk artisti. Onuň bilen ýüzbe-ýüz söhbetdeş bolup makala ýazmaga hyýallanýan. Döredijiligi meni aýratyn gyzyklandyrýar. Osman aganyň surata düşüren filmleri kän, ýöne oňa tomaşaçynyň gözi bilen diňe «Gorkak batyr» filmi üçinem juda zehinli režissýor hökmünde hormatym çäksiz. Filmiň baş gahrymany Çamanyň «Ýoly düýe tapýar-a» diýip, geologlara ýol görkezişi, apy-tupanyň içi bilen ýykylyp-sürüşip, otly ýolundan dolanyp gelşi, «Men — Çaman serdar!» diýip, düýä münüp gelýän pursady, kiçijik güjügiň gulagyny, guýrugyny kesilişi, halypa artist Ata Döwletowyň itleri ýallanda aýdýan gürrüňi, garaz, filmdäki her bir hereket göz öňümde, aýdylýan sözler aýdym diňlän ýaly ýadymda. Göräýmäge sada, türkmen durmuşyndaky waka. Owlak-guzy alynýan möwsümiň gyzgalaňly zähmeti, ýöne şol pursatlary ekranda göreniňde onuň filmdigi ýadyňdan çykýa. Hakyky durmuşyň içinde ýaly ýaşaýaň. Artistleriň geýinişinde, griminde, özlerini alyp baryşynda, dilinde ýasamalyk ýok. Hakyky kino dili bar. Iň bir aýratyn tarapam filmiň baş gahrymany ýaşajyk mekdep okuwçysynyň halypa artistler bilen deň-derejede baş keşbi döretmegi, onda-da filmiň şowly çykyp, kino taryhynda galmagy örän buýsançly. Şunuň özi režissýoryň işine juda ussatlygyny görkezýär. Tomaşaçy ýagşy bilen ýamany gowy kesgitleýär. Bu filmiň diňe bir ýurdumyzda däl, halkara derejesinde uly sylaglara mynasyp bolmagy ýöne ýerden däl. Gör, näçe, dünýä belli sungat wekilleriniň synagyndan geçip, milli kino sungatymyza şöhrat getirdi» diýip pikir edip otyrdym. Şo pursadam halypa ýazyjy Hemra Şir jaň etdi. Hal-ahwal soraşdykda oňa: — Hemra aga, Osman Saparow näçe ýaşlaryndaky adam? — diýip ol barada makala ýazmak hyýalymyň bardygyny  aýtdym. Hemra aga: — Osman Sapar bizden ulurakdyr. Onuň iň ýakyn gatnaşýanlarynyň biri Çaryýar Seýit. Şoňa: «Hemra Şir meni Osman Sapar bilen gürrüňdeş bolar ýaly kömek et diýdi» — diýip aýt. Özi ugruny tapar — diýdi.

Herki zadyň nesibeli güni bolýar. Çaryýar aganyň ýardamy bilen şol makalany ýazmaga girişdik. «Gorkak batyr» filminiň döredilenine 2012-nji ýylda 30 ýyl doldy. Şonda «Nesil» gazetiniň okyjylary üçin filmiň baş gahrymany Çamanyň keşbini döreden Begenç Gurbandurdyýew bilen söhbetdeş boldum. Kinodaky ýaşajyk keşbini göz öňüme getirip öýlerine barsam kyrk ýaşdan geçen eken. Ol:

— «Gorkak Batyr» filmi 1982-nji ýylda surata düşürildi. Film surata düşürilende 11 ýaşymdadym. Bir gün üç-dört sany nätanyş adam mekdebe geldi. Okuwçylaryň ählisini hatara düzdüler. Içimden garagolluk edenim üçin gelendirler öýdüp, müýnürgäp bukulyp durdum welin: «Ynha, şu oglan bolýar» diýip, meni hem-de ýene iki okuwçyny öňe çykardylar. Soňam ýagdaýy düşündirip, ulagly alyp gitdiler. Kinostudiýanyň howlusyna bardyk. Ol ýerde başga mekdeplerdenem  çagalar kän eken. Synag üçin filme surata düşürdiler. Filmde guýa sallanýan pursadym bar. Şol pursady guýy deregine ullakan suw guýulýan çelek goýup, şonuň içine meni sallap, synag etdiler. Filmde atamyň keşbini ýerine ýetirýän artist Ata Döwletowyň ýerine başga bir ýaşuly synag edýärdi. Çelege sallananymdan gorkmadym, ýöne şol ýaşulynyň hyrsyzlygyndan gorkup agladym welin, ýene-de: «Ine, şu oglan bolýar» diýişdiler-de, soňam öýümize goýberdiler.  «Gorkak Batyr» filmi surata düşürilende  Guşgy (häzirki Serhetabat) töwereginde 6 aýlap dagy bolduk. 50-60 adam töweregi bolup, 7-8 ulagly gidenimiz ýadyma düşýär. Film doly düşürilip bolýança, näçe wagt bolanyny bilemok. Yzymdan hepdede bir gezek kakam, käwagt ejem baryp, habar tutýardy. Ol ýerde içim gysar ýaly bolmady. Ýanym bilen ýörite mugallym gitdi. Ol her gün kinolyk işleri dynanymdan soň, meniň bilen mekdepde geçmeli sapaklarymy geçýärdi. Onsoňam meni şol ýerde ýaşaýan bir maşgalanyň öýünde ýaşatdylar. Ol maşgalanyň özüm ýaly üç sany ogly bardy. Şolar bilen bileje iýip-içýärdik, oýnaýardyk. Dogan ýaly bolup öwrenişdik. Ejeleri öz çagalary ýaly edip ýuwundyryp, geýindirip, üst-başyma serenjam berýärdi — diýip gürrüň berdi. Ol «Gaz» edarada işleýän eken. Gürrüňdeşlikde oňa: «Siz ýene-de keşp döretmeli diýilse, kino surata düşersiňizmi?— diýip sowal berdik. Bada-bat: — Eger kinony Osman Saparow surata düşürse onda hökman düşjek — diýdi. Onuň bu sözleri režissýoryň kino gahrymanlary bilen, onda-da ýaşajyk gahrymanlar bilen işleşmäge juda ökde režissýordygyny görkezýär. Begenjiň:

— Filmde aglan pursatlarymyň köpüsini kakam yzymdan baran wagty surata düşürýärdiler. Režissýor: «Kakam geldi diýip aýnama, öňki bolşuňa bol» diýip, kakamyň ýanynda ýüzümi alýardy, gaharymy getirip agladýardy. Düýä münenimdäki aglaýan pursatlarymda dagy režissýora gaharlanyp, öň ýanyndan öýkeli gürlän ýerlerim kändi. Film taýýar bolansoň, sözlerini çalşyryp, ses beripdim. Ýöne çöl içinde känbir haýwanlardan gorkup duramokdym. Filmde hažžyk göterip, güjügimi öjükdirýän pursadym bar. Şol pursat filmiň edebi esasynda ýokdy. Gumuň içinde oýnap ýörkäm, hažžyk tapyp, göterip geldim welin, režissýor «şeýleräk hereket et» diýip şol görnüşi filme soň goşupdy. Film bilen bagly ýene bir pursat ýadymda. 12 ýaşymy Moskwada bellemek nesip etdi. Şol ýerde halkara festiwaly geçirilýärdi-de, menem şoňa äkitdiler. Halypa artist Ata Döwletow bilen myhmanhanada bir otagda boldum. Ata aga: «Ýör, ikimiz gezelenç edip geleli, oglum!» diýip elimden tutup, myhmanhananyň töweregine aýlaýardy. «Uzak ýere gitsek, azaşaýmaly» diýip, özem känbir ýol-yz bilenokdy, ýöne çaga bolamsoň «içi gysmasyn» diýip, pahyr on günläp şol bir aýlanan ýerimize telim gezek aýlapdy. Filmi häzir gören wagtym Ata Döwletow, Hommat Müllük ýaly halypa artistler bilen kino surata düşdüm. Arakesmede olaryň arasynda oturyp, halypalaryň sungat hakda aýdan gürrüňlerini, özara degişmelerini diňlemeli ekenim diýýän — diýip gürrüň berdi.

Osman Saparowyň döredijilik ussatlygy hakynda käbir zatlary bilsemem, halypa režissýory öňümden çyksa-da tanajak däl. Sebäbi onuň bilen şu çaka çenli hiç ýerde gabat gelmedim.

Çaryýar mugallym özüniň arhiw maglumaty üçin Osman aga bilen taýýarlan söhbetdeşliginiň wideoýazgysyny, onuň surata düşüren filmleriniň sanawynyň, bile düşen suratynyň hemem kärdeşi Hojaguly Narlyýewiň döredijiligi bilen bagly ýazan ýatlamasynyň elektron ýazgysyny göçürip berdi. Wideo ýazgyny gördüm welin, Osman aga öýündäki iş otagynda asylgy duran dutar-gyjagyň şekilindäki sowgatlygy eline alyp: — «Ýuwaş gelin» filminde baş gahrymanyň keşbini döreden belli artist Şükür Kulyýewiň oglunyň ýasap berendigini gürrüň berip dur. Şükür aganyň özüniňem agaç ussaçylykdan baş çykarýandygyny bilýärdim, ýöne oglunyň milli saz senedimizi diýseň sünnäläp, onda-da juda kiçi göwrümde ýasap bilşi meniň üçin täzelik. Soňra Osman aga elinde ýene bir saz guraly göterip: — Özümiň režissýorluk eden «Keçjal» filmim bilen Bişkekde geçirilen butinsoýuz kino festiwalyna gatnaşanymyzda  Gyrgyzystanda berlen sowgat bu, diplomam berildi. Gyrgyzlaň dombrasy Ödenýaz agaň dutaryndan üýtgeşik bu. «Gowgaly ada» atly çagalar üçin surata düşüren filmimiň sazyny Moskwada ýazgy etdik. Şonda Moskwa konserwatoriýasynyň professory, kompozitor Aleksandr Aleksandrowiç Koblýakowa: «Film üçin saz ýazylanda düýbünde türkmen heňleri bolsun» diýip pikir alyşdyk hemem oňa bir topar halk heňleriniň ýazgysyny diňletdim. Ol birbada diňledi-de: — Näme üçin sizde saz çalanlarynda dutaryň gapagyna urup tardan çykýan owaza zyýan berýärler? — diýip sowal berdi. Onsoň men ony Tagtabazara Ödenýaz Nobatowyň ýanyna alyp gitdim. Moskwadan gelen, özem professor, saz sowady ýetik myhman barandan Öde akka bir bada nähili hyzmat etjegini bilmedi. Men oňa: «Öde akka, seniň sazyňdan başga bize hiç zat gerek däl» diýdim, onsoňbir ynjaldy. Saşa onuň sazlaryny ýüzbe-ýüz diňledi-de: «Düýbünden üýtgeşik ýol. Bu nähili beýle, barmaklaryny sähelçeden tara ýetirip, eger-eger ol dutaryň gapagyna degirenok, dutaryň owazy şeýlebir gowy çykýa» diýdi. Şeýdip Öde akgaň çalýan sazlaryny 3-4 gün diňledik. Saşa onuň çalan sazlaryny nota geçirdi. Soň orkestrde ýazgy etmek üçin Ode akkanam alyp Moskwa gitdik. Şol ýerde kompozitorlaryň ýörite dynç alyş öýi bar. Öde akka gowy şert döretdik. Dynç alyş öýüň uly zalynda pianino dur. Öde akka dutarda saz çalýar, Saşa bolsa, şol sazlary pianinoda çalýar. Soňra ol sazlary göçüribräk edip nota geçirdi. Öde akka ökde bolmasa-da pianinony-da gowy çalýan eken. Ol gazaklaň dombrasynda hemem öz dutarynda eýran, azerbaýjan, gyrgyz sazlaryny çaldy. Şeýdip Aleksandr Koblýakow bilen ýazylan sazlar orkestre geçirilende, göräýmäge häzirkizaman sazlary ýaly, ýöne düýbünde türkmen milli heňlerimiziň owazlary ýaňlanyp dur. Şonda «Gowgaly ada» filminiň sazy üçin Saşa: «Ökde sazanda, ýüregindäki ähli duýgusyny saz bilen çykarmagy başardy» diýip, Öde akka uly baha berdi. Diýmez ýaly däl. Öde akga saz çalanda çeperçilik bilen çalýar — diýdi. Söhbetdeşlikde Çaryýar mugallym: — Ödenýaz aganyň aýdymlaryna-da pikiriňi aýt-da, halypa!» diýip sowal berende, Osman aga diňe sag eliniň aýasy bilen maňlaýyny tutup durşuna, başyny ýaýkap, onuň sazandarlyk ukybyna bolan uly hormatyny gaýtalady. Bu bir tarapda-na Osman aganyň  saza çuňňur düşünýändigini, ezberlik bilen çalynýan sazyň täsirinden çykyp bilmän tolgunyp durşuny, ikinji bir tarapdan bolsa, onuň özdiýenlilik häsiýeti ýaly bolup duýuldy. Bu elbetde öz pikirim. Soňra ol Çaryýar aga bilen ilkinji tanyşlygyny ýatlady: — Ýadyňyzdamy? 1969-njy ýyldy. Ol wagtlar siz Daşkentdäki teatral çeperçilik institutda okaýardyňyz. «Çöl çagyrýar» atly filmi surata düşürmek üçin baş gahryman ýaş ýigide gabat gelýän aktýor gözläp bardyk. Şonda siz talyp ýoldaşlaryňyz bilen Anhor derýasynyň boýunda dynç alyşda otyrdyňyz. Aýaklaryňy çalşyryp oturşyňa sag aýagyň başam barmagy bilen süýem barmagynyň arasyny dyrmalaşdyryp oturşyň bada-bat gözüme ildi. Ýüz keşbiňe seretdim. «Belki, bir filmde häsiýetli gahrymana laýyk geler» diýip keşbiň göz öňümde galdy. Soň sen «Ýurt eýesi» filmde režissýoryň assissenti bolduň hem öýlenýän ýigit Wepalynyň keşbini döretdiň. Film surata düşürilýärkä traktor gerekmi, harman gerekmi, ähli zada aýak ýalaňaç ylgaýardyň. Hatda käbir pursatlarda režissýor bilen aktýorlaryň arasyndaky düşünişmezlik bolaýan ýagdaýynda-da olary köşeşdirýärdiň. Näme üçin aýagyň ýalaňaç işleýäň? — diýip soradym. Şonda sen: «Ýogsam ýetişip bolanog-a» diýdiň. Şo mahallar işjanly häsiýetiňe göz ýetirdim, ýöne gynansagam seniň bilen bile filmde işleşmek miýesser bolmady. Sebäbi men iki gezek filmde işleşmekçi boldum, ýöne sen eýýäm başga režissýorlar bilen işe başlaňsoň eliň degmedi. Soňky döwürlerde surata düşüren filmleriň barada aýtsam, Daşoguzda surata düşüren «Nejmeddin Kubra» atly filmiň has göwnüme ýarady. Filosofiki pelsepeli, özboluşly pikir bar. Içinde manyly sözler kän. Şekil tarapy surata düşürilende köplenç kamerany ýuwaşlyk bilen surata düşýän gahrymanlaryň töweregine aýladyň. Şolaň fonunda gürrüň gidýär. Oň üçin gürrüňlere zyýan berenok. Gaýta gürrüňler manysyny çuňlaşdyrýar — diýdi-de, ýadaw halda: — Indi söhbetdeşligimizi tamamlaýaly. Soň ýene bir gün dowam ederis…» diýdi.

Wideoýazgyny görüp bolamsoň, Osman aganyň kärdeşi Hojaguly Narlyýewiň döredijiligi bilen bagly rus dilinde ýazan elektron ýazgysyny başardygymyzdan terjime etdik. Ol şeýle gürrüň berýär:

«Gerkez jülgesi. Iş güni tamamlandy. Kino topary dynç alýardy, ýöne kaskadýorlaryň gaýtmaly wagtlary golaýlanlygy sebäpli kino toparynyň adamlaryndan artykmaç işlemegi haýyş etdiler. Bellenen iş wagty gutardy. Film surata düşürilýän meýdançada hiç kim galmady. Howa jokrama yssydy. Hiç kimiň meýdana işe çykasy gelenokdy. Surata düşürilýän kepbäniň ýanyna filmiň režissýory Hojaguly Narlyýew geldi. Hemmeler ýygnandy. Iş başlady. Adamlar administrasiýanyň talaby boýunça däl-de Hojaguly Narlyýewiň hormaty üçin jemlendiler. Onuň sebäbi Hojaguly Narlyýew öz kino toparyna maşgala agzalary ýaly adamkärçilik bilen jogapkärli garap aladalanýardy. Ol hemişe kino ekspedisiýa döwründe ähli işgärleri bilen gürrüňdeş bolup: «Iş bilen bagly nähili kemçilik bar? Nämäň ýetenok? Şahsy meseläň barmy?» diýip soraýardy. Kä wagt olardan maslahat soraýan halatlaram bolýardy. Birek-birege ynanmagy, ýaş toparyň her birini döredijilik toparyna goşmagy başarýardy. Şol nukdaý nazar bilen kino toparyna agzalary  saýlap-saýlap alýardy. Işgärleriniň köpüsi onuň bir filminde işlänsoň, beýleki filmlerinde-de işlärdi. Bu mekdep belki, Hojaguly Narlyýewiň entek operator bolup işlän döwri ady rowaýata öwrülen «Şükür bagşy» filmini surata düşürýän wagtyndan başlan bolmagy ahmal. Bir pursat ýadyma düşýär. Şol filmde işlän döwrümizde her gün işden soň kino topary bolup ýygnanýardyk we günüň dowamynda edilen işleň ýagdaýy bilen bagly pikir alşylýardy. Her seh iş bilen ertire taýýarlyk görerdi. Ondan soň kino toparyň esasy döredijilik işgärleri galardylar we ertirki edilmeli işler hakda maslahatlaşylardy. Kinoň režissýory Bulat Mansurow her sahnany nähili alsaň gowy boljakdygy hakynda her bir işgärden soramagy göwnelaýyk görerdi. Eger sen operator bolsaň onda sahnanyň alynmaly wagtyny, gijemi-gündiz ýa-da agşamara, reňki nähili ýagtymy-garaňky, hereket edýän kamerany, ýa-da gozganman durýan kamerany ulanmalymy jikme-jik aýdyp pikir alşylýardy. Egerde grimçi bolsaň, onda sen gahrymanyň häsiýetine görä nähili grim ulanmalydygyňy göz öňünde tutmaly. Aktýor haýsy wagta çenli gürrüň geçirmeli? Şeýdip döredijilige täsirini ýetirýän önümçilik tehniki sowallar takyklanýardy. Şeýlelikde kino toparynyň her bir hünärmeni surata düşürilýän sahnanyň soňlugy bilen umumy filmiň işiniň agzasy bolup galýandygyny bilip galýar. Olaryň hersiniň öz ugry boýunça zähmeti bar. Şeýle usul bilen işlemeklik Hojaguly Narlyýewiň kino durmuşynyň ýörelgesi bolup galdy. «Şükür bagşy» filmi döredilen döwri «Türkmenfilmiň» ýaş kinoçylarynyň iň bagtly döwri boldy. Şol pursatda  täze ösüş tolkunlary başlandy. Şo döwrüň iň görnükli wekili hökmünde Hojaguly Narlyýew türkmen kinosynyň estafetasyny göterip uzak menzillere gönükdirdi. Ol professional operator, ezber kinorežissýor, ussat ssenarist  hökmünde ençeme ýokary çeperçilikli filmleri döretdi. Ol filmler bolsa, türkmen kinosynyň altyn hazynasyna öwrüldi. Onuň filmleri uly üstünlikler bilen doganlyk ýurtlaryň we umumyhalk söýgüsini gazandy. Birnäçe filmleri uly tiraž bilen daşary ýurtlarda görkezildi. «Gelin» kinosyny bir hepdäniň dowamynda Parižiň kinoteatrlarynda görkezdiler» diýip metbugatda ýazylany ýadyma düşýär. Narlyýewiň ekran eserleri birnäçe abraýly halkara konofestiwallara gatnaşdy we türkmen kinosyna bütindünýä şöhratyny getirdi. Hojaguly bilen Italiýada geçirilen  kinofestiwala gatnaşdyk. Şol foruma dünýä belli fransuz kino öwrenijisi, ýokary derejeli tankytçy, halkara kinopressaň hormatly Prezidenti Marsel Marten hem gatnaşdy.

Biz entek Moskwanyň bütinsoýuz döwlet kinomatografiýa institutynyň talyby wagtymyz ol ussadyň  kitaplaryny okap öwrenýärdik. Marsel Marten delegasiýaň içinde Hojaguly Narlyýewi görüp gujak açyp salamlaşdy. Gelşine-de, onuň bilen göni kino hakda söhbede başlady. «Gelin» kinosynda baş keşbi döreden Maýagözel Aýmedowany ýatlady we Hojagulyny görendigine şatdygy üçin mähir bilen egnine kakdy. Bu pursada nädip buýsanmajak, emma Hojaguly känbir öwnüp ýörmegi halamaýar. Ol şonda çynlakaý duýgy döreden şol pursatda-da, çalaja ýylgyrşy bilen begenjini mälim etdi. Hojaguly örän duýgur, inçe duýguly adam. Men onuň hünärmenligi, guramaçylygy hakynda gürrüň etdim, ýöne onuň örän ýiti duýgur ynsanlygyny gaýtadan tekrarlasym gelýär. Ol özüniň öte duýgurlygy bilen kinonyň süňňüne, tebigatyna ýiti güýç berýär. Şonuň üçin onuň hemme filmleri çuň adamkärçilige, ynsanperwerlik duýgusyna ýugrulan. «Bagtyndan jyda düşen Pyragy» filmi surata düşürilýärkä bir pursady ýatlaýyn. Hojaguly Narlyýew kameranyň ýanynda durdy. Özem nägiledi. Keşpleri ýerine ýetirýän aktýorlara gaýtalap-gaýtalap düşündirýärdi. Sahna alyndy. Göräýmäge hemme zat ýerbe-ýer ýalydy. Ýöne onuň göwnüne laýyk däldi, sebäbi duýgy ýetenokdy. Hojaguly  aktýoryň ýüzüne diňe sessiz duýgy bilen seredýärdi. Kino topary çydamlylyk bilen garaşdy. Bu galagoply dymyşlyk uzaga çekdi. Aktýor aljyraýar, nähili haldadygyny özem bilenokdy. Hojaguly aktýordan gözüni aýyrman durşuna basyk sesi bilen gürläp başlady: — Sen öz söýgüliňi ýitirmegiň ajy zatdygyndan  habaryň barmy? Ony seň eliňden alyp barýarlar, sen oňa: «ikilik etmen» diýip söz beripdiň-ä? Bu bolşuň oňa biwepalyk edýän ýaly. Saňa utanç ahyry. Seniň ony halas etmek üçin hiç zat eliňden gelenok — diýdi-de, ol gitdigiçe pessaý-pessaý gürläp özüniň şol keşbe girenini duýman galdy. Onuň gözlerinde peýda bolan gözýaşy gasyn-gasyn ýüzünden syrygyp gaýdýanyny aktýor gördi. Menem kameranyň düwmesini basdym. Indi hakyky keşbi ýerine ýetirýän aktýoryň gözünde gaýgy, ýüzünde tukatlyk peýda bolup, sahna gerekli keşp döräp başlady. Şeýlelik bilen sahna özüne gerekli manysyna eýe boldy. Aktýory zerur keşbe gabat gelýän inçe duýga getirmek üçin Hojaguly öz ýüregindäki agyryny onuň ýüregine salyp deň gussa  çekişmegi başarýar.

Şonuň üçin onuň gahrymanlarynyň gussasy, şatlygy, söýgüsi özüne çekiji. «Gelin» filminde baş gahrymanyň keşbini döredende Maýagözel Aýmedowa asla sözlemän, diňe ýürekden çykýan inçe duýgusy bilen keşbi janlandyrdy. Şu babatda bir pursady aýdaýyn. Filmde uruş gidip durka, obada bir perzent dünýä inýär. Köp adamlaň ömrüni kesen ganym urşuň garşysyna täze bir perzendiň dünýä inmegi bilen gaýtawul berilýär. Şu sahnada Maýagözel şol çagajyga bolan mähir söýgüsini hem özüniň perzent küýsegi babatdaky maşgala durmuşy üçin gussa çekýändigini ýüreginden geçirip tomaşaça ýetirýär. Gynansakda çaga onuňky däl, oňa ene bolmak bagty ýetdirenok. Onuň şatlygy gysga pursatlyk. Gahryman ýene urşuň pidalaryny çekýän döwre gaýdyp gelýär. Bu Hojagulynyň şahyrana kino dilidir. Gahryman zenanyň dramasynyň üsti bilen urşuň ynsanlara nähili pajygalyk getirýändigini şahyrana metafora — Narlyýewiň kinomatografiýada yzygider sistemalaýyn beýan ediş formasydyr. Emma ol diňe bir kinoda däl» diýip baha berýär. Ynha, şujagaz gysgajyk ýazgydan Osman Saparowyň sungata juda arassa ýürek bilen çemeleşýändigini duýup bolýar. Ol diňe özüniň däl özgeleriň üstünligine-de çyn ýürekden guwanyp bilýänligi bilenem beýik häsiýetliligini görkezýär.

Çaryýar halypa, siziň döredijiligiňize Osman Saparow: «Şahyrana kinorežissýor» diýip baha berýär. Siz halypaňyzyň döredijiligine nähili garaýarsyňyz? — diýip sowal berdim. Ol: — Osman halypa, türkmeniň çöli, tebigat gözelliklerini, milli inçeligini gowy bilýär. Şonam kino diline geçirýär. Halkara derejede kabul edilýän kino dili bar. Onuň «Gorkak batyr» filmine dünýäň meşhurlyk gazanan sungat wekilleri uly baha berdiler. Osman Saparow kino dilini gowy bilýär. «Eser näçe milli boldugyça, şonça-da umumymillidir» diýen nakyla eýerýändigine ynanýan.  Eser şeýle bolanda dünýä kabul edýär. Halypanyň «Perişdejik şatlyk getirýär» atly filmi, nemes çagajyklary bilen türkmen çagajyklarynyň dostlugy, agzybirligi hakynda surata düşürilen film. Film üçin sahnalar sazlaşmaly. Ol öz döredýän filmlerinde diňe saza çuňňur düşünýänligi bilen çäklenmeýär, şekil bilen sözüň  yzygider sazlaşygyny ýerbe-ýer göwnejaý ulanýar. Ekranda ýasama zat bolmaly däl. Gahrymanlar özlerini erkin, durmuşa golaý alyp barmaly. Osman halypanyň köptaraply režissýorluk ussatlygyny eserlerinde görmek bolýar. Ol ssenariýa ýazanda gysga ýazýar. Geliň, şu ýerde birneme yza dolanalyň! Ynha, ol şeýle. Osman Saparow 1938-nji ýylyň 19-njy fewralynda Marynyň Peşanaly obasynda doglan. Ol ilki dogduk obasyndaky ýediýyllyk mekdebi, soňra orta mekdebi tamamlap Moskwanyň bütinsoýuz döwlet kinomatografiýa institutyny operatorçylyk hünäri boýunça, soňrada Moskwanyň ýokary režissýorluk kursuny tamamlaýar. Halypany sungatynyň üsti bilen ýarym asyr bäri tanaýan. Sungat adamsy hökmünde häzir onuň intellektual derejesi has ýokary galdy. Sadalygyny ýitirenok, paýhasly inçe duýguly adam. Ýumor duýgusy ösen, degişgen. Şekspire «Ynsanlaň içinde haýsy häsiýetli adamlar gowy?» diýip sowal berlende ol: «Ýumory duýýan adamlar meň üçin has golaý» diýip jogap beripdir. Hojaguly Narlyýew bilen Osman Saparow  başga tarapdan ussatlygynyň üstesine ýumora hem ussat. Ýumor duýgusy sungat adamlarynyň dermany. Şeýle adamlar ussatlyk derejesine ýetip bilýän adamlar. Osman Saparow diýseň intelligent adam — diýip baha berdi. Birden «Kino sungatynyň ilkinji ädimlerinde geljekki menzillere gadam basmagymda uly hyzmaty bolan halypalarymyň biri Osman Saparow — diýýäni ýadyma düşüp, «Arkadag» şäheriniň  Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatrynyň sahna ussady, Türkmenistanyň halk artisti Anna Meläýewe jaň etdim. Ol şeýlebir begendi. Sesinden aňyp bolýar. Buýsançly ses bilen:

— Osman Saparow türkmen milli kino sungatynda çagalar üçin film surata düşüren kinorežissýorlaryň Korolydyr. Onuň bilen işleşmek diýseň gyzykly. Kinony surata düşürilýän meýdança hakyky döredijilik ussahanasyna öwrülýär. Kino toparynyň ähli agzalaryna sesini gataltmazdan talap edip, professional, kämil iş ýöredip bilýär. 1980-nji ýylyň tomsunda ýaş ýigit wagtym onuň diplom işi üçin edebi esasyny özi ýazyp surata düşüren «Köşejik» atly gysga göwrümli filminde režissýoryň assissenti bolmak miýesser etdi. Film Pöwrizede çagalaryň dynç alyş lagerinde surata düşürildi. Çagalar bilen işleşende ol özüne gerek sahnany gizlin ýagdaýda alyp bilýär. Hemme kamera taýýar dur. Her çaganyň öz häsiýetine görä gulagyna nämedir bir zatlar pyşyrdaýar welin, ol çaga gözünden boýur-boýur ýaş döküp dur, dur diýip saklap başga sahnany surata almaly bolsa ol eýýäm şadyýan ýagdaýda jak-jak gülüp dur, ýa-da gaharlanyp dur. Şo pursadam «motor» diýýär bolany. Edil gipnozçynyň jadylaýşy ýaly haýran galdyrýar. Olar çaga, tejribeli, bilimi ýetik aktýor däl, emma Osman halypa olary öz isleýşi ýaly nädip şeýle ýagdaýda aňsatlyk bilen gahrymanyň bermeli häsiýetine girizip bilýär? Ol juda ussat režissýor.

Arada onuň surata düşüren «Gorkak batyr» hemem «Gowgaly ada» çeper filmleri «Arkadag» teleýaýlymynda görkezildi. Şonda oňa jaň edip:

— Halypa, derrew teleýaýlymy aç, siziň kino filmleriňiz görkezilýär — diýdim. Soňra-da oňa kino sungatymyzda hemem özümiň zähmet ýolumda şu derejelere ýetmegimde bitiren hyzmatlary üçin hoşallyk sözlerimi aýtdym. «Sag bol, Anna jan» diýip monça boldy. Onuň režissýorlyk ussatlygy ilki bilen-ä ylahy zehinliligidir, onsoňam başlangyç ädimlerinde onuň meşhur halypamyz Hojaguly Narlyýewiň, Bulat Mansurowyň surata düşüren filmlerinde operator bolup işlemeginiň uly täsiri bolmagy mümkin…— diýip pikirini aýtdy.

Osman Saparow hakykatdanam öwgä mynasyp režissýor. Ol öwülmäge-de, öwünmäge-de haklydyr. Onuň döredijiliginde milli kinolarymyz, daşary ýurt kinolary-da bar. Olaryň arasynda köp seriýaly filmlerem az däl. Dürli halklaryň durmuşyndan düşürilen filmler, emma olaryň ählisi diýen ýaly halkara derejeli uly baýraklara mynasyp bolupdyr. Ol filmleri surata düşürmek üçin her bir halkyň durmuşyny, milli aýratynlyklaryny, taryhyny umuman, ählitaraplaýyn çuňňur bilmeli. Esasy ýeri düýpli bileňsoň, kino diline geçirip tomaşaçylaryň ösen talabyny ödemegi başarmak. Ylahy zehinli halypa Osman aga şol talaby ödänligi üçin režissýor hökmünde-de, operator hökmünde-de, ssenarist hökmünde-de, artist hökmünde-de, belent adamkärçilikli ynsan hökmünde-de özüni ykrar etdirdi. Türkmen bolup, milli sungatyňy şeýdip dünýä çykarýan halypalara özümä ene hökmünde-de, zenan hökmünde-de tüýs ýürekden buýsanýaryn. Ömrüňiz uzak, janyňyz sag bolsun, Osman aga! Ýeneki ýyllarda-da döredijilik üstünlikleri hemraňyz bolsun!

Akgül Saparowa.

Ýene-de okaň

Gurbannazar Ezizow: Ezizowly ýatlamadan başlanan söhbet

Ereş Orakow: ol meniňem mugallymym

Gerek Hojamämmedowa: Gymmadyň gymmat düşen keşbi

Ata Watan Eserleri

Pyhy Tagan: «Pyhy ölüpdir» diýseler ynanmagyn!

Medeniýet Şahberdiýewa: dünýä sungatynyň göwher gaşy

Atajan Tagan: taryhyň hem şu günüň waspçysy

Ata Watan Eserleri