BILIM

Okuw töleglerini onlaýn tölemek mümkinçiligi

Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky 2020-2021-nji okuw ýyly üçin tölegli esasda bilim alýan ähli talyplaryň we diňleýjileriň okuw töleglerini Türkmenistanyň «Halkbank» döwlet täjirçilik bankynyň www.halkbank.gov.tm internet sahypasynda hödürlenýän «Talyp tölegi» bank hyzmaty arkaly onlaýn usulda, şeýle hem ýurdumyzyňý okary okuw mekdeplerinde hem-de bankyň kassalarynda gurnalan töleg terminallary arkaly nagt däl görnüşde tölemäge mümkinçiligiň döredilendigini habar berýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde berlen bildirişde bellenilip geçilýär.

Hormatly raýatlar! Nagt däl hasaplaşyklaryňähli amatlyklaryndan peýdalanyň!

Bankyň merkezi edarasy boýunça habarlaşmak üçin telefon belgisi: 44-03-04.

Şahamçalaryň salgylary we telefon belgileri bankyň www.tnbk.tm resmi internet sahypasynda görkezilen.

Ýene-de okaň

Türkmenistanlylara Ýewropa ýurtlarynda magistr maksatnamasy üçin okamak mümkinçiligi

Hindistanyň Türkmenistandaky ilçisi türkmen ýaşlaryny bilim almak mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çagyrdy

Aşgabatda VI Açyk halkara matematika olimpiadasy başlandy

Türkmen wekiliýeti Tatarystanyň bilim innowasiýalaryny öwrenýär

“Makul Sözlük” New York Public Library katalogyna girizildi

Dr.Döwran Orazgylyjov

Türkmenistanda birinji synp okuwçylary üçin mugt onlaýn rus dili kursy açyldy

Ata Watan Eserleri