JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa: Türkmenistan Hytaý bilen ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürer

Hytaýa amala aşyran saparynyň çäklerinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary, ŞHG-niň Hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk we hyzmatdaşlyk boýunça komitetiniň başlygy hanym Şen Ýueýue bilen duşuşdy.

Hanym Şen Ýueýue myhmany mähirli mübärekläp, türkmen wekiliýetiniň şu saparynyň gözbaşyny gadymy Beýik Ýüpek ýolundan alyp gaýdýan mizemez türkmen-hytaý dostlugynyň aýdyň güwäsi bolup durýandygyny nygtady hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýardam bermeginde ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylýandygyna ýokary baha berdi. Şeýle hem Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary 2024-nji ýylda Türkmenistana amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýdyp, türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti bildirilen myhmansöýerlik we saparyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin Hytaý Halk Respublikasynyň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirip, Pekiniň gözelliginiň özünde uly täsir galdyrandygyny aýtdy hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, hormatly Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň HHR-iň Başlygy Si Szinpine we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýana iberen mähirli salamyny ýetirdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Hytaý ikitaraplaýyn görnüşde, halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. Ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, ýurtlaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary giňeltmek meselelerinde iki döwletiň hem çemeleşmeleri gabat gelýär. Iki halkyň arasynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan dostlukly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmeginiň özara maksat edinilmegi munuň üçin esas bolup durýar.

“Biz Hytaýa ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek ýaly asylly maksat bilen geldik. Häzirki wagtda bu hyzmatdaşlyk ylym, bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda üstünlikli alnyp barylýar” diýip, O.Atabaýewa aýtdy we gaznanyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti hökmünde çaganyň saglygyny goramak, inklýuziw bilim, mätäç raýatlara durmuş goldawyny bermek tejribesini öwrenmek babatda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Bellenilişi ýaly, gazna saglyk meselesi we beýleki durmuş kynçylyklaryna sezewar bolan çagalara kömek bermek üçin milli derejede döwlet düzümleri, jemgyýetçilik guramalary, raýat jemgyýeti bilen bilelikde iş alyp barýar. Şeýle hem Oguljahan Atabaýewa türkmen tarapynyň hytaýly kärdeşleri bilen bilelikde işlemäge we tejribe alyşmaga taýýardygyny nygtap, şu maksat bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň hem-de Sun Sinlin adyndaky gaznanyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilendigini aýtdy.

Hanym Şen Ýueýue hytaý tarapynyň gol çekilen Ähtnamany ýurtlarymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan çagalaryň bähbidine iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady. Duşuşygyň ahyrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa we Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary Şen Ýueýue birek-birege berk jan saglyk, rowaçlyk, alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi

Azerbaýjanda Türkmenistan tarapyndan guruljak metjidiň düýbi tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Ata Watan Eserleri