JEMGYÝET

Oguljahan Atabaýewa Hytaýyň bilim ministri bilen duşuşdy

Ýakynda zenanlardan ybarat türkmen wekiliýeti Hytaý Halk Respublikasynda saparda boldy. Saparyň çäklerinde ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary birnäçe duşuşyklary geçirdiler hem-de hytaý halkynyň milli medeniýeti bilen tanyşdylar. Munuň özi Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň täze derejä çykarylýandygynyň nobatdaky beýany boldy.

Türkmen wekiliýetiniň Hytaýa saparynyň birinji gününde wekiliýetiň ýolbaşçysy, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministri Huaý Szinpen bilen duşuşdy.

Oguljahan Atabaýewa bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlygyny beýan edip, bilim ulgamynyň Türkmenistan üçin örän möhüm ugur bolup durýandygyny, çünki onuň islendik jemgyýetiň ösüşi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirildi. Duşuşykda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigine üns çekilip, ýokary derejedäki syýasy dialogyň yzygiderli we ynanyşykly häsiýeti aýratyn nygtaldy.

O.Atabaýewa Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan işi barada aýdyp, bu düzümiň lukmançylyk hyzmatlaryny bermek bilen bir hatarda, çagalaryň mekdebe çenli ýaşdan başlap ýokary hilli we inklýuziw bilim almagyna-da ýardam berýändigini belledi. Gazna ýaş nesli hemmetaraplaýyn goldamak, olaryň bagtyýar durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygyny dikeltmäge ýardam bermek maksady bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylda döredildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda bu düzümiň alyp barýan işiniň gerimini giňeltmek, hususan-da, bilim ulgamynda işlemek mümkinçiligine seretmek meýilleşdirilýär. Şunda Hytaýyň mümkinçiligi çäkli çagalara bilim bermek ulgamynyň işine gyzyklanma bildirildi.

Nygtalyşy ýaly, Hytaýyň bilim ulgamy dünýäde öňdebaryjylaryň biridir. Türkmen talyplary HHR-de bilim alýarlar, Türkmenistanyň ýokary we orta mekdeplerinde bolsa hytaý dili öwredilýär. Şunuň bilen baglylykda, hytaý tarapynyň wekili Türkmenistanda bilim ulgamynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýändigini belläp, akademiki alyşmalary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga, türkmen talyplary üçin bilim maksatnamalarynyň gerimini giňeltmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle hem duşuşygyň dowamynda bilim, ylym ugry boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigi, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag merkezleriniň arasynda dialogyň pugtalandyrylýandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Mundan başga-da, Oguljahan Atabaýewa mümkinçiligi çäkli çagalara ýörite we inklýuziw bilim bermegi kämilleşdirmekde Hytaýyň tejribesini öwrenmäge gyzyklanmasyny beýan etdi. Şunuň bilen baglylykda, çagalaryň ýagty geljeginiň bähbidine bu ugurda hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk tassyklanyldy.

HHR-iň bilim ministri gaznanyň başlangyçlaryny doly goldaýandygyny aýdyp, inklýuziw bilim, mümkinçiligi çäkli çagalaryň jemgyýete goşulyşmagyna gönükdirilen usulyýetleri we maksatnamalary alyşmak meseleleri boýunça giňişleýin dialoga taýýardygyny mälim etdi.

Ýene-de okaň

Ýurdumyzda güýzlük bugdaý ekişine girişildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýda Ýeňşiň 80 ýyllygy bagyşlanan dabaralara gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary bilen duşuşdy

“Galkynyş” gaz käniniň dördünji tapgyryny hytaý tarapy özleşdirer

Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri