SIZDEN GELENLER

Oba hojalygynda telekeçiligiň orny

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­kyny­şy döw­rün­de hu­su­sy ul­ga­myň mil­li yk­dy­sady­ýe­ti­mi­zi has-da güýç­len­dir­mek ug­run­da­ky go­şan­dy ju­da ulu­dyr. Ge­çen ýy­lyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça, ýan­gyç we ener­ge­ti­ka top­lu­my­ny göz öňü­ne tut­maz­dan, je­mi içer­ki önü­miň 70 gö­te­rim­den gow­ra­gy­ny hu­su­sy­ýet­çi­le­riň önüm­le­ri­niň düz­me­gi-de mil­li te­le­ke­çi­li­giň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­dä­ki pa­ýy­nyň ulu­dy­gy­nyň subutnamasydyr. Bu gün­ki gün mil­li te­le­ke­çi­le­ri­miz dür­li ugur­lar­da öz ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny su­but edip, döw­le­ti­mi­zi ösüş­ler­den ösüş­le­re ýe­tir­ýär­ler.

Hä­zir­ki dö­wür­de te­le­ke­çi­li­giň hö­wes­len­diril­ýän esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri-de oba ho­ja­lyk top­lu­my­dyr. Bu gün türk­men daý­han­la­ry­na top­ra­ga ideg edip, on­dan bol ha­syl al­mak, alnan ha­syl­la­ry bol­sa önü­me, ha­ry­da öwür­mek üçin äh­li müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Şol san­da ýer­li mal­dar­lar hem äh­li ze­rur şert­ler bi­len üp­jün edil­ýär. Bu giň müm­kin­çi­lik­ler hu­su­sy ta­rap­la­ra ýur­du­myz­da ba­zar bol­çu­ly­gy­ny döre­dip, azyk howp­suz­ly­gy­ny ga­zan­mak ug­runda um­ma­syz go­şant goş­ma­ga ýar­dam ed­ýär.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň: «Ýur­du­myzda azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek örän mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir. Mu­nuň üçin dün­ýä stan­dart­la­ry­na la­ýyk gel­ýän, bäs­deşli­ge ukyp­ly, eko­lo­gik taý­dan aras­sa, ýo­ka­ry hil­li oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän hä­zir­ki za­man önüm­çi­lik­le­ri­ni dö­re­de­ris. Beý­le­ki döw­let­ler­den ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň or­nu­ny tutýan oba ho­ja­lyk önüm­le­ri­ni özü­miz­de giň­den ön­dü­rip, ola­ryň da­şa­ry ýurt­la­ra ibe­ril­ýän möçber­le­ri­ni art­dy­ra­rys» di­ýen söz­le­ri oba­se­nagat top­lu­myn­da iş alyp bar­ýan te­le­ke­çi­le­ri­mi­zi tä­ze üs­tün­lik­le­re ruh­lan­dyr­dy. Hä­zir­ki wagt­da Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň oba ho­ja­lyk, azyk we ba­lyk­çy­lyk ugur­ly ýüzlerçe ag­za­sy azyk bol­çu­ly­gy ug­run­da janypkeş zähmet çek­ýär­ler.

Olar ba­zar­la­ry­my­zy mal eti, guş eti, ba­lyk we ba­lyk önüm­le­ri, ýu­murt­ga, süýt we süýt önüm­le­ri, şöh­lat önüm­le­ri, çö­rek we çö­rek önüm­le­ri, kon­di­ter önüm­le­ri, agyz suwy, al­ko­gol­syz iç­gi­ler hem-de mi­we şi­re­le­ri, ösüm­lik ýa­gy, gök-bak­ja önüm­le­ri, bug­daý, pag­ta, gök-bak­ja, azyk­lyk dä­ne­ler, mi­we we üzüm önüm­le­ri, gap­la­nan önüm­ler, ary ba­ly, na­har du­zy bi­len do­ly üp­jün ed­ýär­ler. Ýe­ri ge­len­de bel­le­sek, mil­li azyk önüm­leri­miz hili­niň ýo­ka­ry­ly­gy, ta­gam­y­nyň dat­ly­ly­gy, te­bi­gy­ly­gy, ba­ha­la­ry­nyň el­ýe­ter­li­ligi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, da­şar­ky ba­zar­lar­da hem uly is­leg­den peý­da­lan­ýar. Şo­nuň üçin içer­ki bazar­dan art­ýan süý­ji-kö­ke, gök-mi­we, bak­ja, gap­la­nan gök-mi­we önüm­le­ri, spred ýa­gy, hind to­wuk eti, mi­we şi­re­le­ri, al­ko­gol­syz iç­giler, mäş, noý­ba, no­hut, da­ry, jö­wen, kün­ji ýa­ly azyk­lyk ekin­ler, şeý­le hem azyk däl de­ri-ýüň, mal içe­ge­le­ri, mi­we önüm­le­ri gaý­ta­dan iş­lenen­de gal­ýan ga­lyn­dy­lar eks­por­ta ibe­ril­ýär.

Аyjеrеn  Gеldiyеwа,  S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

Dünýä çempionaty: Ronaldo dünýä çempionatyna gatnaşýar

 

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri