Bahar paslynda türkmen sährasy al-ýaşyla beslenip gözel görki bilen kalplary joşa getirýär. Şeýle ajaýyp çaglarda lälezarly giň ýaýlalarda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz gününiň dabaralarynyň ýaýbaňlandyrylmagy ýatdan çykmajak duýgulary peşgeş berýär.
Hakykatdan-da, Nowruzyň gelmegi bilen pasyllar soltany baharyň hökmürowanlyk çagy başlanýar. Bahar — bereket, bahar — täzeleniş. Onuň gelmegi bilen giň dünýä täzeçe jan girýär. Nowruz gününde bu täzelenişiň albaýy, şan-şöhraty baharyň özi ýaly owadan garşylanýar. Ine, Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni ýetip geldi. Bu ajaýyp günde Magtymguly atamyzyň:
«Gelse nowruz äleme, reň kylar jahan peýda,
Ebrler owaz urup, dag kylar duman peýda»
— diýen setirler bilen başlanýan şygrynyň köňüllere siňen ýaňy türkmen tebigatynyň köpöwüşginli jadysyny teswirläp, tebigatyň täzelenişine, il-ýurt abadançylygyna, hoşniýetli gatnaşyklara bolan buýsanjymyzy beýgeldýär.
Gündogar halklary bilen birlikde türkmen halky hem Nowruz baýramyny has irki döwürlerden bäri belläp geçýär. Täze ýylyň, täze günüň başlanýandygyny alamatlandyrýan, täzelenişiň baýramy bolan Halkara Nowruz gününde toý saçagy dänäniň ýedi görnüşinden taýýarlanylýan milli tagamlar bilen bezelýär. Semeni ol günüň esasy tagamydyr. Bu tagamy taýýarlamak üçin birnäçe gün öňünden aladasy edilýär. Semeni bişirmek däbine ak gyňaçly eneler bilen birlikde zenanlar, gelin-gyzlar hem gatnaşýarlar. Semeni bişirilýän öýde toý şatlygy joş alyp, owadan lybaslary geýnen gyz-gelinler halk döredijiliginden Nowruz bilen bagly monjugatdylary, läleleri ýerine ýetirýärler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni aýratyn şatlyk-şowhuna beslener. Çünki bu ýyl ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýä ýüzüniň halklary parahatçylygy we ynanyşmagy şygar edinýär. Baýramçylyk gününde Köpetdagyň etegindäki Nowruz ýaýlasy ajaýyp keşbe girer. Seteran dikilen türkmeniň ak öýlerinde milli tagamlar taýýarlanyp, Gündogaryň nurana baýramy dost-doganlyk halklaryny bir supranyň başyna jemlär. ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli sanawyndan mynasyp orun alan Nowruz baýramynyň şatlyk-şowhuny, medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary parahatçylyk mukamy bolup dünýä ýüzüne ýaýrar.
2010-njy ýyldan bäri Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän bu sene adamzadyň iň ähmiýetli we möhüm baýramlarynyň biridir. Nowruzyň däpleri bolsa, dünýä halklaryny parahatçylyga, agzybirlige, abadançylyga, asudalyga beýik ynamy we söýgini pugtalandyrýar. Şoňa görä-de, mekdebe çenli çagalar edaralarynda Nowruz baýramy mynasybetli geçirilýän çärelerde körpelere bu senäniň gelip çykyşy we ähmiýeti barada gürrüň berlip, olaryň bu babatdaky düşünjeleriniň ýokarlanmagy ugrunda hem tagallalar edilýär.
Milli bahar baýramynda — Halkara Nowruz gününde ýurdumyza dünýäniň çar künjeginden gelýän myhmanlara halkymyzyň naýbaşy milli gymmatlyklary bilen içgin tanyşmaga giň mümkinçilik döredilýär. Bu baýrama bagyşlanýan giň mazmunly dabaralarda bagşydyr sazandalaryň, sungat we senet ussatlarynyň çykyşlary toý şatlygyny has-da belende göterýär.
Gadym döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan Nowruz baýramy Birleşen Milletler Guramasynyň ykrar etmegi bilen, bütin dünýäde bellenilýän halkara baýrama öwrüldi. Şeýle teklip bilen Merkezi Aziýa döwletleri, şol sanda Türkmenistan döwletimiz hem çykyş etdi. Bu gije-gündiziň ýazky deňleşmegine gabat gelip, köp ýurtlarda mart aýynyň 21-i täze ýylyň ilkinji güni hasaplanýar. Nowruz gelende dünýä täzelenip, sähralar-çöller, depeler-gollar, daglar, düzler gözel görnüşe girýär.
Goý, mukaddes Oraza aýynyň sogaply günleri bilen utgaşyp gelen bu ýylky Nowruz baýramyny tutuş ýurdumyzda, her öý-ojakda uly joşgun bilen bellemäge giň ýol açan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun!
Ogulsadap Durdyýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň
Farmakologiýa kafedrasynyň öwreniji mugallymy.