JEMGYÝET

Nökerguly Atagulyýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlyklygyna saýlandy

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Bu barada birleşmäniň resmi saýtynda bellenilip geçilýär.

Mejlisde “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022-2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” birleşmäniň agzalary tarapyndan ýerini ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda Birleşme tarapyndan döredilen “Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak gaznasy” barada çykyş diňlendi.

Şeýle hem maslahatyň gün tertibine Birleşmäniň Müdiriýetiniň düzümine üýtgetmeler girizmek we Birleşmäniň Müdiriýetiniň başlygyny saýlamak girizildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň teklipleri boýunça Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy wezipesine Atagulyýew Nökerguly Hojagulyýewiç saýlandy.

Bu birleşmäniň başlygy wezipesini Döwran Hudaýberdiýew alyp barýardy.

Nökerguly Atagulyýew uly tejribä eýe bolan döwlet işgäridir. Ol söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri, Türkmenistanyň BAE-däki we Täjigistandaky ilçisi wezipelerinde işledi. Şeýle hem ol Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem bolupdy.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy: Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa 460 milliard kubmetre golaý tebigy gaz iberildi

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Hytaý bilen haryt dolanyşygymyz her ýyl 9-10 milliard dollara barabar bolýar

Hytaý kompaniýasy “Galkynyş” gaz käninde 10 milliard kubmetr harytlyk gazy taýýarlaýan desgany gurar

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon söhbetdeşligi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Oraza baýramynyň hormatyna baýram namazy okaldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Hytaýyň halkara atçylyk toplumyna baryp gördi