Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň hem gyzyklanýan ýaş tejribeli ispan futbolçysy Niko Uilýams häzirki wagtda çykyş edýän “Atletiko Bilbao” topary bilen şertnamasyny 2035-nji ýylyna çenli uzaltdy.
22 ýaşyndaky futbolçynyň dowam edýän şertnamasynyň möhleti 2027-nji ýylyň tomsunda tamamlanýardy. Täze şertnama 20235-nji ýylyň tomsuna çenli uzadyldy. Ozalky şertnama bilen deňeşdirilende futbolçyny goýbermek üçin kesgitlenen pul möçberi hem 50 göterim artdy. Futbolçyny satyn almak üçin 100 million ýewro tölener.
– Haçanda karar kabul edilmeli bolanda ilkinji bolup ýüregimi diňleýärin. Ýakynlarymyň ýanynda bolmagy saýladym. Bu meniň öýüm – diýip, Niko Uilýams belledi.
Niko Uilýams “Atletiko Bilbao” toparynda ýetişen futbolçydyr. Ol bu topar bilen 167 duşuşykda oýnap, 21 gol geçirdi.
Bu toparda Niko Uilýamsyň özünden uly dogany Inýaki Uilýams hem çykyş edýär. Olar bir toparda 1986-njy ýyldan bäri çykyş edýän ilkinji doganlardyr.