MEDENIÝET

“Netflix”: Iň gowy 10 film

“Netflix” kompaniýasy iň meşhur on filmiň sanawyny berdi. Birinji orny Kris Hemswort bilen “Operasiýa halas ediş” filmi ynam bilen eýeledi. Bu film Russo doganlar tarapyndan öndürildi. Aprel aýynda surata düşürilen bu film 100 milliona golaý maşgala tomaşa etdi.

Ikinji orunda Sandra Bullok bilen “Guş gutusy” filmi boldy: bu film 89 million maşgala tarapyndan tomaşa edildi.

Üçünji orunda Mark Wahlberg bilen “Spenseriň adalaty” ýerleşdi. Bu filmi 85 million tomaşaçy halady.

Iň meşhur filmleriň sanawy:

  1. 1. “Halas ediş işi” – 99 million maşgala tomaşa etdi;
  2. 2. “Guş gutusy” – 89 million;
  3. 3. “Spenser adalaty” – 85 million;
  4. 4. “Arwahly alty” – 83 million;
  5. 5. “Gizlin ganhorlyk” – 73 million;
  6. 6. “Irlandiýaly” – 64 million;
  7. 7. “Üç taraplaýyn serhet” – 63 million;
  8. 8. “Şol gyz däl” – 59 million;
  9. 9. “Platforma” – 56 million;
  10. 10. “Iň oňat duşuşyk” – 48 million dollar

Ýene-de okaň

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy: Türkmenistanda «Gyz kasamy» çeper filmi surata düşürilýär

Türkmenistanda Milli bahar baýramy giňden belleniler

Dünýäde iň köp kitap okaýan döwletler

Türkmenistan Belarusdaky halkara kitap ýarmarkasyna gatnaşdy

Ata Watan Eserleri

«Galkynyş» topary Mary welaýatynda

Gurbantäç Alaýewa 103 ýaşynda