Sytdyk başlygyny görende ýaýaplap, ýalym-ýulum edip, şonuň göwnünden turjak sözi tapjak bolup oda-köze düşerdi. Wezipesi özünden pesleri, eli ýukany görende welin özüni şir-peleň däldirin öýdenokdy. Aýalynyň ýanynda bolsa özüni Hüňkar patyşadan kem saýmazdy. Bir gün agşam ol öýünde:
-E-heý, towukgoran, getir nahary bärik, tizräk. Iki üzüp bir ýalmaýyn – diýip, ýassyga ýassanyp ýatan ýerinden heňkirýär.
-Sytdyk, sen-ä soňky döwürde ulalyp – oňalmadyk bolaýypsyň öýdýän. Eňegiňe ata sakgaly çykypdyr. Senem il ýaly päli pesräk, sadarak bolaýmazlarmy. Möjek ýaly iki üzüp, bir ýalmaýyn däl-de, adam ýaly nesip etse, iýeris diýeniňde begligiňden ýykyljakmy – diýip zeýrenýär.
-Haý-haý, towukgoran, seň-ä bu gün demiň degirmen üweýär-ow. Men kim, maňa akyl öwretjek akmak heleý kim?! Hynnyk-mynnyk etme-de, getir tizräk palawy. Şon-a indi nesip etse-de, etmese-de iki üzüp, bir ýalmarys. Oň üçin…
Sytdyk sözüni soňlap-soňlamanka işikden bir oglanjyk ätledi-de:
-Sytdyk aga, size başlyk derrew gelip-gitsin – diýdi – diýýär.
Başlyk sözüni eşiden Sytdyk palawy-zady unudyp, syçrap ýerinden turaga-da, çagyrylan ýere ýumlugyberse nädersiň.
Hemişekileri ýaly, başlyk bu gün hem beýlekiler bilen birlikde Sytdygy hem eşek ýaly işletdi. Onsuny etdirdi, munsuny etdirdi. Garaz gijäň gylla ýary bolýança öz golunyň astyndakylary öýlerine goýbermedi. Sytdyk sütüni süýnüp, hop-sop bolup öýüne gelse, aýaly gapyny içinden gulplap, eýýäm süýji uka giden eken. Ol ýoňsuz wagt gapyny kakyp duransoň, içeriden naçar sesi eşidilýär:
-Kim – aýt sen!
Gedemligi zerarly bugaryp duran jüýjeli palawdan näumyt galany ýadyna düşüp, agzynyň gyllygy akan Sytdyk şu ýerde ömründe birinji sapar toba gelýär:
-Nesip etse äriňdirin….
Awtoryň ähli makalalaryny okamak üçin
Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!