SIZDEN GELENLER

Nebitgaz senagatyny döwrebaplaşdyrmak – ykdysadyýetiň möhüm ugry

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagy bolan gaz senagatyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmak, «mawy ýangyjyň» çykarylyşyny artdyryp, onuň diwersifikasiýa ýoly bilen daşary bazara ugradylýan möçberini artdyrmak baradaky belent başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwletimiziň sebitlerindäki täze gaz känleri özleşdirilýär hem-de ýurdumyzda tebigy gazy daşary bazara ugratmak ugrundaky halkara ähmiýetli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça iri möçberli işler ýerine ýetirilýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň möhüm binýadyny emele getirýän gaz pudagy ýurdumyzyň umumy senagat önümçiliginiň esasy bölegini düzýär. Bu pudakda gaz geçirijileri gurmaga, tebigy gazyň täze gorlaryny gözlemäge, özleşdirmäge, taýýar önümi ibermäge, saklamaga, gaýtadan işlemäge, ýangyçlary sarp edijilere ýetirmäge çenli önümçilikde öňdebaryjy, ýokary öndürijilikli tehnologiýalar netijeli ulanylýar.

Halkymyzyň we döwletimiziň mizemez jebisligini dabaralandyrýan bu işler Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygary esasynda amala aşyrylýar.

Ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra, ähli ulgamlarda bolşy ýaly, nebitgaz pudagynda hem uly ösüşler gazanylyp başlandy. Nebitdir gazyň ýeriň aşagyndaky täze-täze ýataklaryny gözläp tapmak we bol önüm berýän täze guýulary gazmak, öňden bar bolanlarynyň önüm berijilik ukybyny artdyrmak ýaly möhüm işlere uly serişdeler gönükdirildi. Netijede, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde täze-täze buraw desgalary emele geldi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň paýhasly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän energetika syýasatynyň netijesinde nebitgaz toplumynda ýetilýän sepgitler milli ykdysadyýetimiziň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» kesgitlenen anyk wezipeleri amala aşyrmakda gazanylýan üstünliklere ýurdumyzyň nebitgaz senagatynyň işgärleri hem saldamly goşantlaryny goşýarlar.

Türkmenistan baky Bitaraplyk ýörelgesinden ugur alyp, nebitgaz serişdelerini dünýäniň energetika bazaryna çykarmagyň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrýar, hyzmatdaşlyk etmegiň usullaryny we nusgalaryny işläp taýýarlamak boýunça anyk çäreleri durmuşa geçirýär. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» yzygiderli durmuşa geçirilýär. Ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwaty artdyrylýar. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynda halkara ähmiýetli iri taslamalar durmuşa geçirilýär. TOPH gaz geçirijisiniň taslamasy sebitiň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu taslama abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýar. Bu energetika taslamasy diňe bir Günorta Aziýanyň ýurtlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda, sebitde parahatçylygy, durnuklylygy berkitmekde-de möhüm ähmiýete eýedir.

Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasatyny amala aşyrmaga, ýurdumyzy has-da ösdürmäge, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we abadançylygyny üpjün etmäge ýardam berýär.

Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, çykarylýan önümleriň görnüşlerini artdyrmak bu ugurda pudagyň öňünde goýlan wezipeleri çözmekde anyk ädimler boldy. Şu meseleler 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisleriniň gün tertibinde öz beýanyny tapdy. Paýtagtymyzda we welaýatlarda täze ýaşaýyş toplumlaryny, senagat zolaklaryny we dürli önümçilikleri döretmek babatda giň gerimli işleri nazara almak bilen, pudagyň kärhanalaryny döwrebaplaşdyrmak meselesine aýratyn üns berildi.

Nebitgaz senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini hem-de halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Şoňa görä-de, onuň ägirt uly mümkinçiliklerini doly derejede ulanmak milli strategiýanyň wajyp ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu ugurda alnyp barylýan işler guwandyryjy netijelerini hem berýär. Munuň şeýledigine «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary tarapyndan «Uzynada» käninde ýerine ýetirilen işleriň mysalynda-da göz ýetirmek bolýar. Bu kändäki 85 belgili täze çuň guýynyň buraw we gurluşyk işleri tamamlanyp, önümçilige girizildi. Guýynyň çuňlugy 6 müň 830 metr bolup, ondan gije-gündiziň dowamynda nebit kondensatynyň 70 tonnasy hem-de 75 müň kub metr tebigy gazyň akymy alyndy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyz uly ösüşleriň bady bilen öňe barýar. Nebitgaz pudagynda amala aşyrylan işleriň netijeleri, häzirki dowam edýän ýylymyz üçin bellenilen sepgitlere ýetmek üçin ähli mümkinçilikleri berýär.

Pena Nazarow, 

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “A” toparynyň talyby. 

Ýene-de okaň

Arkadag şäheri – bagtyýarlygyň şäheri

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Bitaraplyk – milli gymmatlygymyz

Sagdyn jemgyýetde bagtyýar nesiller

Bilim ulgamyndaky okatmagyň kämil usullary

Bilim özgertmeleri we amaly matematika

Ata Watan Eserleri