SIZDEN GELENLER

Nebitgaz senagaty diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan nebitgaz pudagyny ösdürmek ugrunda toplumlaýyn strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýär. Şol strategiýanyň möhüm düzüm bölekleri ekologiýa aýratyn üns berilýän öňdebaryjy tehnologiýalara hem-de işläp taýýarlamalara esaslanan ugurdaş düzümleri döwrebaplaşdyrmakdan, gazyp alyş we gaýtadan işleýiş ulgamlarynyň kuwwatlyklaryny artdyrmakdan, “mawy ýangyjy” eksporta ibermegiň ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz senagatyny ösdürmek, türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär.

Türkmenistan energiýa serişdelerini uly möçberde eksport edijileriň biri bolmak bilen, olary ibermegiň durnukly halkara ulgamlarynyň kemala getirilmegi ugrunda çykyş edýär. Soňky ýyllarda ýurdumyz sebitiň esasy energetika döwleti hökmünde kemala gelmekde uly ýol geçdi. Munuň mysaly hökmünde nebitgaz pudagynda durmuşa geçirilen we amala aşyrylýan halkara ähmiýetli iri möçberli taslamalary görkezmek bolar.

Hususan-da, şolaryň biri dünýäniň iri döwletleri hem-de abraýly halkara maliýe institutlary tarapyndan goldanylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasydyr. Bu energiýa geçirijisi türkmen gazynyň Günorta Aziýanyň ýurtlaryna iberilmegini üpjün etmek bilen birlikde, sebitde parahatçylygyň, durnuklylygyň berkarar bolmagyna ýardam etmäge gönükdirilendir. Häzirki wagtda dünýäde iň iri “mawy ýangyç” känleriniň biri bolan “Galkynyş” käniniň tapgyrlaýyn özleşdirilmegi, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň çekilmegi boýunça işler dowam edýär. Uglewodorod serişdelerini çykarmakda daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna Hazaryň türkmen bölegindäki ýalpaklygyň ygtyýarlandyrylan deňiz toplumlaryny özleşdirmek ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Häzirki tehnologiýalaryň we ylmyň ösen döwründe nebit çig malynyň, nebit önümleriniň sarp edilişi barha artýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda nebitgaz pudagyny diwersifikasiýalaşdyrmak, içerki we daşarky bazarlarda isleg bildirilýän, ýokary goşmaça bahaly dürli görnüşli nebit we gazhimiýa önümlerini öndürýän, nebiti, tebigy gazy gaýtadan işleýän täze önümçilikleri döretmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.

Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietileniň we polipropileniň dürli görnüşlerini öndürýän döwrebap gazhimiýa toplumy hereket edýär. Ahal welaýatynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň hem-de Ýaponiýanyň «Kawasaki Heavy Industries Ltd.» kompaniýasynyň we Türkiýäniň «Rönesans Endüstri Tesisleri Inşaat Sanayi ve Ticaret A.Ş.» kompaniýasynyň bilelikdäki tagallalary bilen, dünýäde ilkinji tebigy gazdan benzin öndürýän zawod guruldy. Ähli ölçegler boýunça ýeke-täk bolan bu kärhananyň öndürýän esasy önümi ýokary ekologik talaplara laýyk gelýän “ЕСО-93” kysymly benzindir.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleri çözmekde häzirki wagtda wodoroda — geljegiň ýangyjyna uly ähmiýet berilýär. Bu ugurda ýurdumyz özüniň hyzmatdaşlyk ýoluny üstünlikli dowam etdirýär. Häzirki günde energetika tehnologiýalarynyň düzümlerine innowasiýalaryň girizilmegi netijesinde wodorod täze bazarlary “özleşdirmäge” girişýär.

Olga Myradowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň mugallymy.

 

 

Ýene-de okaň

Sarpasy belent bedewler

Ata Watan Eserleri

Ýylyň şygary-belent sepgitlere badalga

Çagalar – biziň geljegimiz!

Sagdyn ene we sagdyn çaga – uly baýlyk

 Magtymguly aýdar, sözüm älemdir…

Ösümlikler üçin zerur dökün