SIZDEN GELENLER

Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygy

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň ýollarynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna gönükdirilen energetika strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirýär. Nebitgaz pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmakda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly XXVII halkara maslahatynyň orny uludyr.

Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, Garaşsyzlyk ýyllarynda nebitgaz senagatyny ösdürmek, türkmen tebigy gazyny halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça ägirt uly işler amala aşyryldy. Döwletimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän energetika strategiýasyna laýyklykda, ýurdumyzyň uglewodorod serişdelerini halkymyzyň we beýleki ýurtlaryň halklarynyň bähbidine gönükdirmek babatda alnyp barylýan işler oňyn netijesini berýär. Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda halkara hyzmatdaşlyk işjeň, oýlanyşykly we maksada okgunly ýagdaýda ösdürilýär. Öňde goýlan belent maksatlara ýetmek üçin häzirki wagtda dünýä ähmiýetli möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Türkmenistan dünýäde energiýa serişdelerini daşary ýurtlara köp möçberde iberýän döwletleriň biri bolmak bilen, bu ugurda durnukly halkara ulgamlary döretmegiň tarapdarydyr. Eksportyň ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen artdyrmak, ösen köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek biziň döwletimiziň energetika strategiýasynyň ileri tutulýan esasy ugrudyr.

Halkara forumyň esasy mowzugy energetika pudagynda durnukly ösüş boýunça dialoga we nebitgaz senagatyna göni maýa goýumlary çekmäge bagyşlanan hem bolsa, onda howanyň üýtgemegi bilen bagly ählumumy meseleler baradaky pikir alyşmalara-da giň orun berilýär.  Umuman, şu gezekki forum milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudagy bolan nebitgaz senagatynyň mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn açyp görkezmekde, bu ugurda öňdebaryjy tejribeleri paýlaşmakda netijeli meýdança bolup hyzmat eder.

Ýeri gelende bellesek, şu gezekki çärä daşary ýurtlardan 100-den gowrak wekil gatnaşýar. Myhmanlar dünýäniň 45 döwletinden kompaniýalaryň 200-den köpüsine wekilçilik edýärler. Şolaryň hatarynda daşary ýurtly bilermenler, ýurdumyzda hereket edýän diplomatik wekilhanalaryňdyr halkara guramalaryň, degişli kompaniýalaryň wekilleri bar. Şeýle-de gyzyklanma bildirýän taraplara maslahata onlaýn usulda goşulmak mümkinçiligi döredildi.

Döwletgeldi Annageldiýew,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň 1-nji ýyl talyby. 

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri