Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlary boýunça dünýäde öňdebaryjy orny eýeleýän ýurdumyzda ykdysadyýetimiziň nebitgaz we senagat pudagyny ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar amala aşyrylýar. Uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge ýöriteleşdirilen iri senagat desgalary gurulýar.
Energetika pudagynda däp bolan strategik gatnaşyklary saklamak bilen bir hatarda, Türkmenistan Ýewropa, Aziýa, Uzak Gündogar, Günorta-Gündogar ugurlary boýunça energetika hyzmatdaşlygyny barha giňeldýär. Dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary, abraýly maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlygy ösdürýär.
Şonuň netijesinde, her ýyl ýurdumyzda nebitgaz pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum geçirilýär. Üstümizdäki ýylda hem bu halkara forumyny 29-30-njy martda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Daşary ýurt kompaniýalarynyň we öňdebaryjy maliýe düzümleriniň ýurdumyz bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly gyzyklanmalaryny nazara alyp, bu forumy şol bir wagtyň özünde teleköpri arkaly Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde dowam edýän EKSPO — 2020 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli bölüminde hem guramak göz öňünde tutulýar.
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy guramaçylar bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.
OGT 2022 forumy Türkmenistanyň nebitgaz toplumyna maýa goýumlaryny çekmek, türkmen döwlet edaralary bilen halkara nebitgaz kompaniýalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we berkitmek maksady bilen geçirilýär. Forumyň barşynda Türkmenistanyň nebitgaz bazarynyň jikme-jik seljermesi we pudagyň soňky taslamalary, täze mümkinçilikler hödürleniler, öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalary tejribeleri bilen paýlaşarlar.
Akgözel Suwlyýewa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniñ
Himiya tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniñ uly mugallymy.