Türkmenistanda nebitiň we gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak köp babatda ýataklaryň önümliligini ýokarlandyrmagyň, olary işläp geçmegiň netijeli tehnologiýalaryny we usullaryny ulanmagyň hasabyna üpjün edilýär. Bu ulgamda, şeýle hem daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Daşary ýurtly hem-de türkmen hünärmenleriniň bilelikde, netijeli işlemegi öňde goýlan maksatlara ýetmäge ýardam edýär.
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Tatneft» paýdarlar jemgyýeti özüni borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. 2018-nji ýylyň ahyrynda onuň bilen Goturdepe ýatagynda 88 guýyny düýpli abatlamak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada goşmaça şertnama baglaşyldy.
Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, «Türkmennebit» döwlet konsernine Birleşen Arap Emirliklerinde hasaba alnan «Turkmen Petroleum Products Trade DMCC» kompaniýasy bilen «Döwletabat» gaz ýatagyndaky 30 guýuda tebigy gazyň çykarylyşyny artdyrmak boýunça hyzmatdaşlyk etmek barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Merkezi Garagumdaky gaz kondensat ýataklar toparyna hyzmat edýän «Zäkli Derweze» gaz arassalaýjy desgalarda ýyllyk kuwwaty 2 milliard kub metre barabar bolan gaz gysyjy desganyň gurluşygy alnyp barylýar. «Türkmengaz» döwlet konserni tarapyndan «GP Global Equipment Pte Ltd» (Singapur) kompaniýasy bilen bilelikde amala aşyrylýan bu taslamany 2022-nji ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.
www.atavatan-turkmenistan.com degişli habarlary
«Mitsubishi Corparation» : Galkynyş gaz ýatagynda täze taslama
Italiýanyň “Eni” kompaniýasyndan 2,2 milliard dollar maýa goýum
Dragon oil: 7 milliard dollar möçberinde göni maýa goýum
CNPC : Türkmenistana 8,3 milliard dollar maýa goýum
Türkmen tebigy gazy Russiýa iberilýär
Petronas Charigali : Hazaryň Türkmen bölegine 11 milliard dollar
Ägirt uly energiýa taslamalary durmuşa geçýär