DÜNÝÄ

Narendra Modi Indira Gandiniň rekordyny täzeledi

Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ýurduň hökümetiniň başlygy wezipesinde 4078 gün geçirip, bu ugurda 1917-1984-nji ýyllarda Premýer-ministr Indira Gandiniň rekordyny täzeledi. Gandi bu wezipede 4077 gün geçiripdi. Bu barada NDTV. teleýaýlymy habar berdi.

Şeýlelikde, Modi ýokary döwlet wezipesinde üznüksiz işläp, bu ugurda ikinji orny eýeledi. Bu ugurda Jawaharlal Neru birinji orunda barýar.

Şeýle hem Modi we Neru ýolbaşçylyk edýän partiýalaryny Lok sabhu (parlamentiň aşaky palatasy) saýlawlarynda 3 gezek ýeňiş gazanmagyna goşant goşan liderler hasaplanýar.

Narendra Modi 1950-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda Bombeý ştatynyň Wadnagar şäherinde (1960-njy ýyldan soňra Hindistanyň Gujarat ştaty boldy) doguldy.  2014-nji ýyldan bäri Modi Hindistanyň Premýer-ministri wezipesinde işledi. Ol döwlet wezipesine girişenden soňra “Make in India” ykdysady döwrebaplaşdyryş maksatnamasyny ýola goýdy. Bu maksatnama maýa goýumlaryny çekmek, pul we salgyt özgertmelerini amala aşyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy