XIX asyrda Fransiýa imperiýasyna hökümdarlyk eden döwründe Napoleon Bonaparta degişli başgap Pariždäki auksionda 1,9 million ýewro (takmynan 2,1 million dollar) satyldy.
Fransuz imperatorynyň “bikorn” (“iki burçly”) diýlip atlandyrylýan gara reňkdäki başgaby ilkinji nobatda 600-800 müň ýewro möçberinde bahalandyryldy.
Ony satyn alan adam öz adyny gizlin saklap, bu başgap üçin köp mukdar pul serişdesini töledi. Taryhçylaryň belläp geçmegine görä, bu başgap Napoleonyň “brendiniň” bir bölegi bolupdyr. Napoleonda şeýle başgaplaryň 120 sanysy bolup, ol olary uzak ýyllaryň dowamynda geýip gezipdir.
Häzirki wagtda şol başgaplaryň 20 sanysy saklanyp galypdyr we olaryň köpüsi şahsy kolleksiýalarda orun alýar.
