BILIM

Mugt pars dili okuwlaryna ýazylyşyk başlandy

Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň Medeniýet merkezi 2025-nji ýylyň güýz semestri üçin pars dili we edebiýaty boýunça mugt okuwlara ýazylyşygyň başlanýandygyny mälim edýär.

Okuw sapaklary 23–24-nji sentýabrda başlanar. Okuwa ýazylyşyk 13-nji sentýabra çenli dowam eder we ýazgy her gün, dynç günlerinden başga wagtlarda amala aşyrylar.

Okuwyň guramaçylary pars dilini öwrenmäge isleg bildirýän ähli raýatlary bu maksatnama gatnaşmak üçin ýüz tutmaga çagyrýarlar.

Ýazylyşygyň tertibi:

  • 1-nji sentýabr — 16:00–18:00
  • 2-nji sentýabr — 18:00–20:00
  • 3-nji sentýabr — 16:00–18:00
  • 4-nji sentýabr — 18:00–20:00
  • 5-nji sentýabr — 12:30–14:30
  • 6-njy sentýabr — 17:00–19:00
  • 8-nji sentýabr — 16:00–18:00
  • 9-njy sentýabr — 18:00–20:00
  • 10-njy sentýabr — 16:00–18:00
  • 11-nji sentýabr — 18:00–20:00
  • 12-nji sentýabr — 13:00–15:00
  • 13-nji sentýabr — 17:00–19:00

Habarlaşmak üçin telefonlar:

  • 93-42-11, 93-42-09

Salgysy: Aşgabat şäheri, Magtymguly şaýoly, jaý 100.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Ýaponiýa ylym we tehnologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygyny ösdürýär

“Ozon we klimat” atly ylmy-döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi

9 aýda bilimde 755, sportda 754 medal gazanyldy

Türkmenistanly ýaş zehinliler mental hasaplamak boýunça Dünýä çempionatyna gatnaşar

«Bolaşak» maksatnamasy boýunça müňlerçe gazagystanly dünýäniň iň abraýly uniwersitetlerinde mugt okaýar

Pakistan türkmen talyplaryna talyp haky bermäge taýýar