JEMGYÝET

Moskwada Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň merkezi eýwanynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň bürünçden ýasalan heýkeliniň açylyş dabarasy geçirildi.

Türkmen halkynyň beýik oglunyň heýkeliniň Moskwa şäheriniň merkezi etraplarynyň birinde oturdylmagy nusgawy şahyryň hatyrasyny ebedileşdirilmek işinde möhüm tapgyr we Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň okgunly ösüşiniň we pugtalanmagynyň subutnamasy bolup durýar.

Dabaraly çärä Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň, Medeniýet ministrliginiň we degişli pudak edaralarynyň, Russiýa Federasiýasynda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň, KHBS-iň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, talyp ýaşlar we türkmen diasporasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi E.Aýdogdyýew, Russiýanyň Medeniýet ministriniň orunbasary S.Perşin, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň Halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili M.Şwydkoý, M.I.Rudomino adyndaky Bütinrussiýa Daşary ýurt edebiýaty döwlet kitaphanasynyň Baş direktory P.L.Kuzmin, Magtymguly Pyragynyň eserlerini rus diline terjime eden I.Ýu.Golubniçiý we beýlekiler çykyş etdiler.

Şeýle hem çärä hormatly myhman hökmünde Jemagat diplomatiýasyna goldaw bermek boýunça A.M.Gorçakow adyndaky gaznanyň ýerine ýetiriji direktory L.Draçewskiý hem-de Magtymguly Pyragynyň heýkelini döreden Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň agzasy, suratkeş-heýkeltaraş Z.Babaýew gatnaşdylar.

Çärä gatnaşmak üçin gelen Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň çykyşlary baýramçylyk dabarasyna aýratyn öwüşgin berdi.

Ýene-de okaň

Wepa Hajiýew Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili boldy

Türkmenistan Amerika täze ilçi belledi

Halkara zenanlar güni mynasybetli 8-nji martdaky dynç güni 9-njy marta geçirildi

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we «Arkadag» futbol klubunyň nyşany Türkiýäniň iň beýik belentligine galdyryldy

Türkmen-eýran serhedindäki gözegçilik geçiriş ýerleriniň işi kadaly dowam edýär

«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary başlanýar