SPORT

Mohammed Aliniň çempionlyk kemeri satyldy

Ady rowaýata öwrülen amerikaly boksçy Mohammed Aliniň çempionlyk kemeri auksionda satyldy. Ol bu çempionlyk kemerini 1974-nji ýylda geçiren boks tutluşygynda gazanypdy.

Bu kemeriň täze eýesi ony satyn almak üçin 6,18 million dollar teklip etdi. Başga köp teklip edilen bolmansoň, kemer satyldy. Aliniň çempionlyk kemerini “Indianapolis Kolts” amerikan futbol toparynyň eýesi Jim Irseý boldy.

Bu barada “Heritage” auksion oýi habar berdi. Jim Irseý Mohammed Aliniň Jorj Formany ýeňip, özüne gaýtaryp alan çempionlyk kemerini satyn aldy.

Şeýle hem bu auksionda Aliniň çempionlyk kemerinden başga-da, birnäçe şahsy zatlary satuwa çykaryldy. Bu auksionda Mohammed Aliniň Jo Freýzer bilen geçiren “Ýylyň tutluşygy” boks duşuşygynda geýen ýapynjasy hem satyldy.

Mälim bolşy ýaly, Mohammed Ali sport karýerasynda 61 tutluşykda 56 ýeňiş gazandy. Mohamed Ali 2016-njy ýylda 74 ýaşynda aradan çykdy.

 

“Rysgal” banky: hyzmatlar üçin tölegleriň möçberlerine üýtgeÅŸmeler girizdi

 

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy