Düýn paýtagtymyz Aşgabatda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda häzirki zaman ýagdaýlary bilen baglylykda, parahatçylygyň, durnukly ösüşiň kemala gelmeginde döwletleriň hem-de halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýän parlament diplomatiýasynyň ösdürilmeginiň uly ähmiýete eýe bolýandygy bellenildi. Parlamentara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegi Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik hem-de halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy maý aýynda Aşgabat şäherinde geçiriljek möhüm ähmiýetli çärelere ünsi çekip, Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň parlamentara forumynyň ähmiýetini nygtady. Munuň özi parlamentara gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde wajyp orny eýeleýär.
Prezident Rustam Minnihanow şu günki duşuşygyň türkmen-tatar dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda ýene bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy dürli jemgyýetçilik-medeni çärelerine gatnaşmak üçin Tatarystan Respublikasyna gelip görmäge çagyrdy.
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy geljek aýda Tatarystanda geçiriljek çärelere, şol sanda Wolžsk Bulgariýasynyň yslam dinini kabul etmeginiň 1100 ýyllygyna bagyşlanan çärä, şeýle hem “Russiýa — yslam dünýäsi: Kazan Summit 2022” XIII halkara ykdysady sammitine we her ýyl geçirilýän “Russiýa — yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi. Biz bu çakylygy ýokary hormatyň nyşany hökmünde kabul edýäris diýip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Duşuşyk tamamlanandan soň, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen hoşlaşyp, paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanyna ugrady.
Rustam Minnihanow Türkmen bedewiniň milli baýramyna gatnaşdy