Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň ýanwar aýynda milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem ýurdumyzyň durmuşyna degişli käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde milli tejribeden we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň täze beýanynyň, “Saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawy hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamalaryny taýýarlamak, Türkmenistanyň Jenaýat, Arbitraž iş ýörediş, Jenaýat iş ýörediş, Raýat iş ýörediş kodekslerine, “Administratiw önümçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna, ykdysadyýetiň aýry-aýry pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek bilen baglanyşykly hereket edýän kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek babatda degişli işler alnyp barylýar.
ÝANWAR AÝYNYŇ MAKROYKDYSADY GÖRKEZIJILERI
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň ýanwar aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek üçin görlen toplumlaýyn çäreleriň netijesinde, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş depgini senagat pudagynda 1 göterime, gurluşykda 2 göterime, ulag-aragatnaşyk pudagynda 11,1 göterime, söwdada 9,9 göterime, oba hojalygynda 4,2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 9 göterime deň boldy. 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önümiň möçberi 9,2 göterim artdy. Ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik görkezijileri gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 1,1 göterim ýokarlandy. Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 101,9 göterim, çykdajy bölegi 97,4 göterim ýerine ýetirildi.
Hasabat döwründe Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 26 birža söwdasy geçirilip, olarda 2 müň 178 şertnama hasaba alyndy. Şu ýylyň ýanwar aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,9 göterime barabar boldy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen aýda oba hojalyk we azyk önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 106,4 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 105 göterime deň boldy.
Şeýle hem hasabat döwründe ylymly-bilimli nesilleri kemala getirmek, okuw kitaplaryny neşir etmek boýunça işler dowam etdirildi. Mekdep okuwçylary halkara ders we internet bäsleşiklerinde 12 medal gazandylar. Ylym ulgamynda-da maksada gönükdirilen işler alnyp baryldy. Şu ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura kabul ediljek aspirantlaryň, doktorantlaryň, alymlyk derejelerine dalaşgärleriň, kliniki ordinatorlaryň sany tassyklanyldy. Ýanwar aýynda bejeriş-öňüni alyş edaralarynda lukmançylygyň ugurlary boýunça meýilnamalaýyn işler durmuşa geçirildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara dürli görnüşli operasiýalar we bejergiler amala aşyryldy. Hasabat döwründe bedenterbiýäni, sporty we Olimpiýa hereketini ösdürmek, türgenleri Olimpiýa oýunlaryna, çempionatlara, iri halkara ýaryşlara taýýarlamak boýunça işler dowam etdirildi.
Soňra hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýanwar aýynyň netijeleri boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime deň bolandygyny, şeýlelikde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda durnukly ösüşiň gazanylandygyny belledi. Geçen aýda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna ýurdumyz boýunça özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan gowrak boldy. Bu bolsa halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, welaýatlarda goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady.
Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip, 18-nji fewralda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününiň bellenip geçiljekdigini aýtdy we Bitarap ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleriniň öňde goýlan wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýändiklerine ünsi çekdi. Pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz milli diplomatik gullugyň ähli işgärlerini hünär baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.