Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetiň durnukly ösmegini üpjün etmegi, senagat, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa hem-de durmuş ulgamlaryny, hyzmatlaryň ýaýrawyny netijeli ösdürmegi, tebigy we senagat serişdelerini oýlanyşykly peýdalanmagy, daşary ykdysady aragatnaşyklary pugtalandyrmagy, Diýarymyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmegi Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlary hökmünde kesgitledi diýlip Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowyň www.tdh.gov.tm saýtynda ýerleşdirilen “Türkmenistanyň maliýe-ykdysady ulgamynyň durnukly ösüşi” atly makalada aýdylýar.
“2020-nji ýyl – Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” ýylyna bagyşlanyp ýazylan Makalanyň dowamyny Size ýetirýäris:
Bularyň ählisi baş wezipäni, ýagny ilatyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmaga we ýaşaýşynyň hilini yzygiderli ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda, milli Liderimiziň gazanýan üstünliklerimizi bu gün tutuş dünýädäki bar bolan görkezijiler we maglumatlar bilen deňeşdirmelidigimiz baradaky görkezmesinden ugur alynýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň wezipämiz jemgyýeti hem-de demokratiýany mundan beýläk hem ösdürmäge tarap yzygiderli we maksada okgunly gitmekdir. Biziň amala aşyrmaga girişen ähli özgertmelerimiziň bir maksady bardyr, ol hem milli ýolumyzy saklap galmak bilen, dünýäniň ykdysady ulgamyna mümkin boldugyça sazlaşykly goşulmakdan ybaratdyr.
Türkmenistan 1991-nji ýylda öz garaşsyzlygyny aldy, bu bolsa ýurduň ösüşiniň başlangyç nokady boldy. Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda durmuş ugurly bazar ykdysadyýetiniň milli nusgasyny kemala getirmek babatynda ägirt uly üstünlikler gazanyldy hem-de häzirki wagtda içerki bähbitleri we dünýä bileleşiginiň globallaşmagynyň umumy meýillerini nazara almak bilen, bu nusgany düýpli kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzdamilli ykdysadyýetiň bu özboluşly nusgasy taryhy taýdan gysga möhletde kemala getirildi hem-de şol döwürde uzak möhletli geljekde döwletiň durnukly ösmegi üçin berk binýat döredildi we düýpli özgerişleriň netijesinde, milli hojalygyň pudaklaýyn gurluşy kämilleşdirildi. Bu gün ýurdumyzda ösen önümçilik düzümi, köp ugurly ulag-kommunikasiýa ulgamy we adam maýasynyň ýokary derejesi bardyr.
Häzirki wagtda Türkmenistan döwrebap tehnikany we iň täze tehnologiýalary peýdalanmagyň, ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmagyň, innowasion önümçilik düzümlerini döretmegiň, ýurduň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagyny çuňlaşdyrmagyň, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň hem-de maýa goýum işini işjeňleşdirmegiň esasynda, uzak möhletli geljek üçin durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge niýetlenen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan täze ykdysady özgertmeleri geçirýär.
Milli ykdysadyýet baý tebigy, ykdysady, maýa goýum kuwwatyny peýdalanmak, döwletara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we özüniň daşary ykdysady mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen, üstünlikli diwersifikasiýalaşdyrylýar.
Türkmenistan bazar gatnaşyklaryny ösdürmek ýoluna düşdi. Munuň özi ykdysady ösüşiň durmuşa gözükdirilen ugruny dowam etmek we ykdysadyýetiň pudaklarynda ekologiýanyň talaplaryny berk berjaý etmek, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak hem-de howanyň üýtgemegine netijeli uýgunlaşmak bilen bilelikde alnyp barylýar. Ýurdumyzda tapgyrlaýyn esasda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar, iri halkara we milli taslamalar durmuşa geçirilýär, ýüzlerçe önümçilik we durmuş maksatly desgalar gurlup, ulanylmaga berildi.
Türkmenistanda iri taslamalar durmuşa geçirildi
Diňe soňky ýyllaryň dowamynda Diýarymyzda iri milli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi, bular geljekde ykdysadyýetiň ösüşine durnukly häsiýet bermäge we onuň düzüminde hil taýdan öňegidişlikleri üpjün etmäge, ýurdumyzyň ilatynyň durmuşyny düýpli özgertmäge, onuň täze hilini we has ýokary derejesini üpjün etmäge niýetlenendir.
Şolaryň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilen “Awaza“ milli syýahatçylyk zolagyny döretmek, Türkmenistan–Hytaý, Türkmenistan–Eýran, Gündogar–Günbatar gaz geçirijilerini gurmak, “Demigazyk–Günorta“ transmilli demir ýoluny, Serhetabat–Turgundy demir ýoluny, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprülerini, Aşgabat, Türkmenbaşy, Türkmenabat şäherlerinde Halkara howa menzillerini, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portuny gurmak boýunça taslamalary görkezmek bolar.
Bu sanawa Garlyk kaliý zawody, Mary we Garabogaz karbamid zawodlary, Gyýanlyda gazhimiýa toplumyny, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody we aýna kombinaty ýaly ägirt uly kärhanalary goşmak bolar.
Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan gaz geçirijisini, şu ugur boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny hem-de Türkmenistan–Owganystan–Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji ulgamy çekmek, boýunça işler işjeň dowam etdirilýär. Bularyň hemmesi bolsa ýurdumyzyň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmaga we ýurda daşary ýurt pulunda goşmaça girdejileriň gelip gowuşmagyny üpjün etmäge mümkinçilik berer.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan özgertmeleriň strategik maksady makroykdysady durnuklylygy üpjün etmek, senagat, maýa goýum we durmuş syýasatyny durmuşa geçirmek, ilatyň hal-ýagdaýynyň ýokary derejesini gazanmak, ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny pugtalandyrmak bolup durýar.
Makroykdysady düzgünleşdirmäge, ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmaga hem-de ony bazar özgertmeleri ýoluna geçirmäge, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmäge, häzirki hem-de geljekki nesilleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmagyň bähbitlerine durmuş-ykdysady wezipeleri netijeli çözmäge esaslanýan durnukly ösüş nusgasyna geçmek ykdysadyýetiň derwaýs wezipelerini durmuşa geçirmegiň şerti bolup durýar. Munuň özi, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň yglan eden Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistan tarapyndan kabul edilen wezipelerini durmuşa geçirmegiň çäklerinde amala aşyrylýar.
Bu gün Türkmenistanyň ykdysady syýasaty ýurdy innowasiýa taýdan ösdürmäge, güýçli senagat kuwwatyny döretmäge we onuň pudaklaýyn düzümini giňeltmäge gönükdirilendir. Häzirki zaman bazar düzümi bar bolan we durnukly ösüş depginlerini gazanmaga gözükdirilen ýokary netijeli ykdysadyýeti ýokary hilli we tapgyrlaýyn kemala getirmek Türkmenistanyň ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar.
Adamyň bähbitlerini goramak, ilatyň ýaşaýyş derejesiniň dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlaryna laýyk gelýän ýokary görkezijilerini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän döwlet syýastynda ileri tutulýan ugur bolmagynda galýar. Häzirki wagtda ýurdumyz bu ýol bilen ynamly öňe barýar.
Şu ýylda 25 ýyllygy bellenilýän hemişelik Bitaraplyga esaslanmak bilen, Türkmenistan ýyl-ýyldan özüniň önümçilik kuwwatyny artdyrýar. Munuň şeýledigini halkara maliýe edaralary, şol sanda Bütindünýä banky hem birnäçe gezek tassyklady. Bütindünýä bankynyň klassifikasiýasy boýunça Türkmenistan girdejisi orta derejeden ýokary bolan ýurtlaryň hataryna girdi.
Bularyň ählisi milli girdejiniň durnukly ösüşini üpjün etmek üçin degerli şertleri döredýär we häzirki wagtda dünýä ykdysadyýetinde emele gelen ýaramaz meýillere garamazdan, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda durnukly ösüş depginleri saklanyp galýar.
Ykdysady ösüş görkezijileri
Hökümetiň 2020-nji ýylyň dokuz aýynyň netijelerine bagyşlanan giňişleýin mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle maglumatlary getirdi: içerki önüm, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 5,8 göterim, önüm öndürilişi 4,2 göterim ýokarlandy. Döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalanýandygynyň, öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözülýändiginiň tassyknamasy hökmünde 2020-nji ýubileý ýyly “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany“ diýen şygar astynda geçýär.
Milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşi onuň ähli pudaklary, ýagny, senagat, oba hojalygy, gurluşyk pudaklary we hyzmatlar ulgamy boýunça önümçiligiň möçberiniň ýokarlanmagyna esaslanýar. Diýarymyzyň ýokary ykdysady ösüşi ep-esli serişde mümkinçiligi, islegleriň durnuklylygy, şeýle hem ýurdy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna köp mukdarda gönükdirilýän maýa goýumlary bilen höweslendirilýär.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady syýasaty ilatyň ýaşaýşynyň we hal-ýagdaýynyň ýeterlik ýokary derejesini saklamaga gönükdirilendir. Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň köp bölegi durmuş ulgamyny maliýeleşdirmäge, şol sanda saglygy goraýyş, bilim, medeniýet ulgamlaryny, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyny kämilleşdirmäge gönükdirilýär.
Soňky ýyllaryň dowamynda durmuş-ykdysady ösüşiň görkezijileriniň ýokary derejesi iş haklaryny, pensiýalary, döwletiň kömek pullaryny we talyp haklaryny yzygiderli ýokarlandyrmagyň, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan alnyp barylýan nyrh syýasatynyň, hususy başlangyçlary goldamagyň hem-de goşmaça durmuş ýeňillikleri toplumynyň hasabyna üpjün edilýär.
Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin Türkmenistanda ýurdy mundan beýläk hem ösdürmegiň döwlet maksatnamalary we meýilnamalary durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny”, „Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyny” hem-de beýleki döwlet we pudaklaýyn maksatnamalary görkezmek bolar.
Şunuň bilen birlikde, ykdysady ösüşiň täze nusgasyny döretmegiň we durnukly ösüşi gazanmagyň çäklerinde, geçen ýylyň fewral aýynda “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019–2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy” kabul edildi. Bu Maksatnama ösen bazar amatlyklaryna çalt depginde geçmäge, önüm öndürýän pudaklaryň daşary ýurtlara haryt çykarmak mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmaga, eýeçilik gatnaşyklaryny özgertmäge, ilatyň iş bilen üpjünçilik çygryny giňeltmäge, kiçi we orta telekeçiligi milli ykdysadyýete işjeň çekmäge gönükdirilendir.
Ýurduň durnukly ösmeginde onuň maliýe-ykdysady ulgamy möhüm orun eýeleýär, bu ulgam pul dolanyşygynyň deňeçerligini üpjün etmäge, milli puluň satyn alyjylyk ukybyny saklamaga we döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini gazanmaga gönükdirilendir.
Ýurduň ähli raýatlary üçin maliýe hyzmatlarynyň we ykdysady serişdeleriň elýeterliligini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň maliýe-ykdysady ulgamda alyp barýan döwlet syýasatynyň möhüm wezipesi bolup durýar. Puly emissiýa etmegiň subýekti we döwletiň pul syýasatynyň esasy institusional geçirijisi bolmak hem-de ykdysady ösüşi üpjün etmek bilen, bank ulgamy içerki daşarky tölegler we hasaplaşyklar ulgamynyň hereket etmeginde möhüm orun tutýar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda döredilen iki derejeli bank ulgamy netijeli hereket edýär, bu ulgam Türkmenistanyň Merkezi bankyndan we dürli eýeçilik görnüşi bolan dokuz sany bankdan ybaratdyr.
Bank ulgamynyň durnukly hereket etmegi ýurduň ykdysadyýetiniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hem-de dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagynyň aýgytlaýjy şerti bolup çykyş edýär.
Şunuň bilen baglylykda, milli pul birligi bolan manadyň dolanyşyga girizilmegi ýurduň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek, döwletiň bitewi pul-karz syýasatyny alyp barmak üçin amatly şertleri döretmäge mümkinçilik berdi. Milli ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolan bank ulgamy depginli ösýän ugurlaryň birine öwrüldi.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň esasy wezipeleri mundan beýläk hem milli manadyň durnukly hümmetini saklamak, olary halkara derejesine çykarmak bilen, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we hilini gowulandyrmak, ugurdaş edaralaryň işine iň gowy dünýä tejribesini ornaşdyrmak bolup durýar.
Şeýle hem banklar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny karz serişdeleri bilen üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Bank ulgamy iri maýa goýum taslamalaryny maliýeleşdirmegiň we dolanyşyk serişdelerini üpjün etmegiň möhüm çeşmesine öwrülýär. Ýurdumyzyň karz edaralary tarapyndan fermer hojalyklaryny ösdürmek we oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, şeýle hem senagaty we hyzmatlar ulgamyny ösdürmek üçin karz serişdeleriniň berilmegini mysal hökmünde görkezmek bolar.
Şunuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda telekeçileriň önümçilikleri döretmäge ýa-da giňeltmäge gönükdirilen maýa goýum taslamalaryna karz goldawyny bermek boýunça maksatnamanyň çäklerinde, hususy haryt öndürijileri karzlaşdyrmak ýaly ugurlaryň hasabyna uzak möhletli karzlaşdyrmak çalt depginler bilen ösdürilýär.
Ykdysadyýetiň pudaklaryny gurluş taýdan üýtgedip guramak, senagatlaşdyrmak, innowasiýalar hem-de hususy telekeçiligiň ornuny ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly uzak möhletli strategik wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, bellenen sepgitlere ýetmek üçin maliýeleşdirmegiň ýeňillikli şertleri döredildi. Öz gezeginde, ýeňillikli şertlerde maliýeleşdiriş karzlaşdyrmagyň möçberiniň artmagyny, şol sanda eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşi bolan karz alyjy kärhanalaryň sanynyň köpelmegini üpjün etdi.
Şunuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş jaý-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, raýatlara ýokary amatlygy bolan we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan jaýlardan öý satyn almak üçin örän amatly şertlerde ýeňillikli ipoteka karzlary berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meselä aýratyn üns berýär. Bu karzlar, hususdan-da, uzak möhletli esasda, ýagny 30 ýyla çenli möhlete, ýylda 1 göterim tölemek we esasy bergini bäş ýyldan soň üzüp başlamak şerti bilen berilýär.
Karz alyjylaryň we goýumçylaryň bähbitleriniň goralmagyny mundan beýläk hem üpjün etmek, bank ulgamynyň ilatyň hem-de guramalaryň pul serişdelerini jemlemek boýunça işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak we şol serişdeleri karzlara hem-de maýa goýumlara öwürmek, edilýän hyzmatlary giňeltmek we hyzmatlaryň täze görnüşlerini ornaşdyrmak hem-de ykdysadyýetiň ösüşine ýardam etmek Türkmenistanyň bank ulgamynyň ileri tutulýan wezipeleri bolup durýar.
Soňky ýyllaryň dowamynda Diýarymyzyň maliýe edaralary tarapyndan bank amallarynyň täze görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, milli banklaryň maýalaşmagyny artdyrmak boýunça anyk ädimler ädilýär. Türkmenistanyň banklary tarapyndan edilýän hyzmatlaryň hilini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak, geljegi uly bolan başlangyçlary durmuşa geçirmek, hyzmatyň ýokary derejesine çykmak boýunça maksada gönükdirilen işler geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň görkezmelerine laýyklykda, maliýe-bank ulgamynda nagt däl hasaplaşyklar ulgamyny, hususan-da, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda plastik kartlary giňden ulanmak, elektron resminamalar dolanyşygyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. . Internet-banking hyzmatlary ösdürilýär, şolaryň netijesinde, hasaplaryň ýagdaýy we geçirilen bank amallary barada „müşderi-bank“ ulgamy boýunça dessin habar bermek üçin uly mümkinçilikler berilýär.
Banklar maliýe serişdelerini çekmek üçin amatly şertleri döredýärler we ilatyň maliýe bazary ulgamyna işjeň gatnaşmagy üçin teklipleriň gerimini ep-esli giňeldýärler. Hyzmat etmegiň tehnologik görnüşleriniň ösüşi belli bir bank hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin niýetlenen aralykdan işleýän enjamlaryň sanynyň artmagynda aýdyň görünýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda 2200-den gowrak bankomat hereket edýär.
Häzir dünýäde jemgyýetiň ähli ulgamlarynda sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we peýdalanylmagy döwletiň durnukly ösüşiniň ileri tutulýan möhüm ugurlary hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanda sanly jemgyýete geçmek “Türkmenistanda 2019–2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna“ laýyklykda amala aşyrylýar.
Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi uzak möhletli ykdysady ösüşe ýardam edýän netijeli ulgamlary ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri açýar hem-de ykdysadyýetiň durnukly ösüşini gazanmakda esasy wezipeleriň biri bolup durýar.
Milli ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny ösdürmek üçin höweslendiriji mümkinçiligi bilen baglylykda, sanly özgertmeler milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ykdysady syýasatynda öňdebaryjy orny eýeleýär. Ykdysadyýeti sanlylaşdyrmaga alnan ugra tutuş ilata döwlet, bank hyzmatlaryny we beýleki hyzmatlary bermek mümkinçiligi hökmünde seredilýär.
Häzirki wagtda sanly ulgama çalt geçmek boýunça giň gerimli çäreleriň toplumy geçirilýär. Diýarymyzda dürli ugurlarda sanly ykdysadyýetiň köp ugurlary hereket edýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň we tölegleriň gerimini, bank kartlaryny, ulag hyzmatlaryny, saglygy goraýyş, bilim ulgamlaryny hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşlerini giňeldýän häzirki zaman serişdelerini ornaşdyrmak boýunça işjeň işler alnyp barylýar.
Türkmenistanyň bank ulgamynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we ilata sanly hyzmatlary etmek boýunça giň gerimli işler geçirilýär. Sanly ulgama geçmek müşderilere edilýän bank hyzmatlarynyň gerimini we milli töleg ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, karz edaralarynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Häzirki wagtda “Rysgal” paýdarlar täjirçilik banky ýurdumyzda QR-kodlaryň kömegi bilen ölçeg ulgamyny ornaşdyrmak boýunça işjeň iş geçirýär, munuň özi islendik satyn alnan zat üçin smartfon arkaly töleg geçirmäge mümkinçilik berýär.
Bu gün milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady syýasatynyň ýene bir möhüm ugurlarynyň biri 2015-nji ýylyň sentýabr aýynda BMG-ä agza döwletleriň ählisi tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek bolup durýar. Munuň özi 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Gün tertibiniň esasyny düzýär.
Häzirki döwürde ýurdumyzda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tapgyrlaýyn işler alnyp barylýar. Biziň ýurdumyzda durmuş we ykdysady syýasatda degerli netijeleri gazanmak, bazar gatnaşyklaryna geçmegi çuňlaşdyrmak, ykdysady ösüşiň durmuşa gönükdirilen ugruny dowam etmek, ilaty elýeter hem-de ýokary hilli lukmançylyk we bilim hyzmatlary bilen üpjün etmek boýunça oňyn görkezijileri saklap galmak, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak hem-de onuň täsirini gowşatmak boýunça netijeli çäreleri görmek başartdy.
Türkmenistanda bu çäreleri durmuşa geçirmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş syýasatynyň dowamy bolup durýar hem-de azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň umumy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, hemme ýerde sagdyn durmuşy ornaşdyrmak, ähli zady öz içine alýan, adalatly we gowy hilli bilim almak üçin şertleri döretmek, gender deňligini üpjün etmek, suw hem-de energiýa serişdelerini netijeli peýdalanmak, ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryny senagatlaşdyrmak we innowasiýalary ornaşdyrmak ýaly esas goýujy meselelere gönükdirilendir.
Durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, durmuş kepillendirmelerini saklap galmak bilen, ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, raýatlaryň ýaşaýşynyň hilini gowulandyrmak boýunça maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gös-göni bagly bolup durýar.
Şunuň bilen baglylykda, global ýagdaýy hem-de onuň ýurduň ykdysadyýetine täsir etmek mümkinçiligini nazara almak bilen, ykdysadyýeti mundan beýläk-de pugtalandyrmak we durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek üçin 2020-nji ýylyň iýul aýynda “Dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2020–2021-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy“ kabul edildi. Ol dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýyň ýurdumyzyň ykdysadyýetine edýän täsirini peseltmek boýunça ýurduň Hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan çärelere goşmaça bolup durýar.
Şunuň bilen birlikde, 2020-nji ýylyň iýul aýynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanan “Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň Meýilnamasy“ kabul edildi. Ol saglygy goraýşyň esasy hyzmatlarynyň hilini we elýeterliligini gowulandyrmak, durmuş goraglylygyny hem-de binýatlyk durmuş hyzmatlaryny üpjün etmek, iş ýerlerini goramak, kiçi we orta telekeçilige goldaw bermek, makroykdysady höweslendirme hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk ýaly möhüm ugurlary öz içine alýar.
Bu çäreleriň ählisi Türkmenistanyň geljekki ösüşlere we ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmaga tarap ýolda ynamly öňe barýandygyna şaýatlyk edýär. Durnukly ösüş babatynda Gün tertibiniň amala aşyrylmagy bolsa döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň durnukly we hemme zady öz içine alýan ösüşini göz öňünde tutýan baş strategik maksady bolup durýar.
Şeýlelikde, maksatnamalarda bellenen ähli çäreleriň durmuşa geçirilmegi ýakyn geljekde ýeterlik derejede ösen bazar amatlyklaryny kemala getirmäge, global ykdysady ulgama has doly goşulyşmaga, daşary söwda dolanyşygyny ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Önümçiligiň ähli ulgamlarynda öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrmagy ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, harytlaryň we hyzmatlaryň içerki bazarynyň gerimini giňeltmäge, maliýe-ykdysady ulgamy pugtalandyrmaga ýarldam eder.
Hususan-da, munuň özi täze önümçilik kuwwatlyklaryny maliýeleşdirmek üçin karz serişdelerini artdyrmaga, sanly jemgyýete geçmäge mümkinçilik berer. Bu bolsa, öz gezeginde, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalandyrylmagyna oňyn täsir eder.
Milli ykdysadyýetimiziň bu üstünlikleri we gazananlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän Bitaraplyk syýasaty bilen şertlenldirilendir. Dünýä jemgyýetçiligi 2020-nji ýylyň 12-nji dekabrynda türkmen halky bilen bilelikde ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny belläp geçer.