SPORT

Milliarder bolan ilkinji basketbolçy

Amerikaly basketbolçy LeBron Jeýmsiň 1 milliard dollardan gowrak baýlygy bar. LeBron Jeýms işjeň basketbol durmuşyny dowam etdirip, milliarderleriň sanawyna giren ilkinji basketbolçy boldy.

“Los Anjeles Leýkers” basketbol toparynyň ýyldyzy LeBron Jeýms milliarderleriň sanawyna girdi. “Forbes” žurnalynyň beren habarynda Amerikaly ýyldyz işjeň sport durmuşyny dowam etdirip, milliarder bolan ilkinji basketbolçy boldy.

Super ýyldyz geçen ýyl 121 million dollar gazandy we baýlygy 1 milliard dollardan geçdi. NBA-nyň iň güýçli basketbolçylaryndan biri hasaplanýan Maýkl Jordan basketboly taşlandan soňra milliarderleriň sanawyna girip bilipdi. 2014-nji ýylda Jordanyň baýlygy 1 milliard dollardan geçipdi.

LeBron Jeýms NBA-nyň “Kliwlend Kawaliers”, “Maýami Heat” we “Los Anjeles Leýkers” toparlarynda basketbol oýnap, 385 million dollardan gowrak girdeji gazandy. Jeýms NBA-da iň köp aýlyk alýan basketbolçylaryň arasynda durýar. LeBron Jeýms basketbol sportundan daşgary 900 million dollar gazandy.

18 ýaşyndan bäri Nike bilen şertnamasy bolan ýyldyz basketbolçy, “AT&T”, “PepsiCo” we “Walmart” ýaly uly kompaniýalar bilen hemaýatkärlik şertnamalaryna gol çekdi.

LeBron Jeýms häzirki wagtda “Premýer-liga”-nyň toparlaryndan biri bolan “Liwerpulyň” paýdarlarynyň arasynda durýar.

 

 

Salam, tomus! Mekdep okuwçylarynyň dynç alşy başlady

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri