Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak hem-de milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny ösdürmäge gönükdirilen resminamalaryň taslamalaryna garamak hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 28-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň gün tertibiniň esasyny düzdi.
Gazhimiýa senagatynyň kuwwatlyklaryny artdyrmagyň, tebigy gazy gaýtadan işlemegiň we öndürilýän önümleriň möçberlerini ýokarlandyrmagyň häzirki wagtda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary bolup durýandygyny göz öňünde tutup, bu ugurdaky işi dowam etdirmek, suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşy we ýurdumyzda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, pagta hasylyny gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur tagallalary etmek, himiýa senagatynyň kärhanalarynyň, hususan-da, oba hojalygy üçin zerur bolan dökünleri öndürýän «Maryazot» önümçilik birleşiginiň kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler, elektrik energiýasynyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, dokma kärhanalaryny senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin pagta süýüminiň dürli görnüşleri bilen ýeterlik derejede üpjün etmek bilen bagly meselelere garaldy.
Söwda-senagat edarasynda «Türkmentel — 2022» atly halkara sergi we ylmy maslahat, «Sanly çözgüt — 2022» atly innowasion taslamalaryň bäsleşigi geçiriler. Innowasiýa-programma üpjünçiligini, startaplary işläp taýýarlamak hem-de ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmak we höweslendirmek maksady bilen geçirilýän “Sanly çözgüt-2022” bäsleşigi uly gyzyklanma döredýär. Bu bäsleşige ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenleri gatnaşyp, öz taýýarlan 240-dan gowrak taslamasyny hödürlemegi ýurdumyzyň innowasion ösüşinden habar berýär.
Programma üpjünçiligini we innowasion usullary işläp taýýarlaýan ýaşlary höweslendirmek maksady bilen, bu bäsleşige 2020-nji ýylda badalga berildi. Bäsleşigiň nobatdaky tapgyryny saglygy goraýyş, ylym we bilim, ulag-logistika, elektron senagaty, oba hojalygy, hyzmatlar ulgamy ýaly ugurlarda geçirmek göz öňünde tutulýar.
Şeýle hem ýurdumyzyň agrar pudagynyň ösüşine uly ähmiýet berilýär. Oba hojalygy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň wajyp düzümi bolup durýar. Ilatyň ýarysyndan gowragy oba ýerlerinde ýaşaýar we işçi güýjüniň 40 göteriminden gowragy oba hojalygyna sarp edilýär. Gahryman Arkadagymyz döwlet başyna gelen ilkinji günlerinden ýurdumyzda ylmy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ylmyň gazananlaryny ykdysadyýetimiziň pudaklarynda, şol sanda oba hojalygynda netijeli ulanmak, jemgyýetiň aň-düşünjesini has-da ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrüldi.
U;ag-logostika ugry hem milli ykdysadyýetimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz örän amatly ýerde, ýagny Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara ulag ýollarynyň hem-de aragatnaşyk geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýär.
Ýurdumyzda sebitara we halkara ähmiýetli ulag we aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, iri maýa goýum taslamalary amala aşyrmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ugurlary boýunça üstaşyr ýük geçelgeleriniň mümkinçiliklerini ulanmak babatda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.
Bu bolsa diňe bir milli ykdysadyýetimiziň gülläp ösmegi üçin uly itergi bermek bilen çäklenmän, eýsem, dünýäniň sebitleriniň we yklymlarynyň arasyndaky ykdysady-söwda gatnaşyklarynyň has giň gerim bilen ösmegine uly ýardam edýär.
Ýurdumyzda kabul edilýän döwlet maksatnamalarynyň ählisinde halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş meselelerine aýratyn orun berilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda halkymyzyň hal-ýagdaýynyň has-da gowulandyrylmagyna ýardam berýän syýasy, ykdysady, medeni, ylmy-tehniki özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ilaty durmuş taýdan goramak ulgamyny we goldawa mätäç raýatlary goldamagyň usullaryny kämilleşdirmek, ilatyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak Milli maksatnamanyň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar.
Bäşim Şemiýew,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Çyzuwly geometriýa we inženerçilik grafikasy kafedrasynyň mugallymy.
