SIZDEN GELENLER

Milli mirasa uly sarpa

Gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýan inçe we nepis keşdelenen el işleri zenanlaryň zehininden dörän ýürek owazlarydyr. Keşde çekmek — gelin-gyzlarymyzyň arzuwyndan, on barmagynyň täsin gudratyndan dörän sungat. Halk arasynda «El hünäri il gezer» diýilýär. Halkymyzyň gadymdan gelýän el hünäri nesillere ýetirilip, aýal-gyzlaryň çeper ellerinden çykan işleri döwrebap keşdelerde, ýakalarda, dürli biçüwlerde täze-täze nusgalar bilen baýlaşdyrylýar.

Keşdeçilik türkmen halk sungatynyň iň gadymy görnüşleriniň biri bolup, ol türkmen gelin-gyzlarynyň arasynda giňden ýaýrandyr. Gözellige maýyl bolan we şol gözelliklerden sungat eserini döreden ene-mamalarymyz bu sungaty nesilden-nesle geçirip, biziň häzirki günlerimize çenli gelip ýetmegini gazanypdyrlar. Olar dürli nagyşlary döredip, olaryň sazlaşykly bolmagyna üns beripdirler. Keşde çekmek üçin ýüpekleri ýüpek gurçugynyň pilesinden alypdyrlar. Pileden alnan süýümleri bolsa, sary, gyzyl, gara, goňur reňklere boýapdyrlar.

Ene-mamalarymyzyň döreden nusgalaryny, tikin işleriniň biçüwlerini wagtyň geçmegi bilen, ussat gelin-gyzlarymyz barha kämilleşdirýärler, täze nagyşlaryň täsin nusgalaryny döredýärler. Ykjam hem-de milli biçüwli lybaslar sadadan sypaýy görnüp, gözel keşbe hasam ýaraşyk berýär. Toý köýneklerinde bezeg nagyşlary, gaş, hünji düzmek arkaly ýa-da her hili inçejik alajalardan güle meňzeş nagyşlar bilen ýeň-ýaka bezemek, aldymgaçlardan peýdalanmak arkaly ýeň-ýakalary sünnälemek ýörgünli. Bulardan başga-da, nagşyň ululygyna we kiçiligine görä, dürli ululykdaky gaşlar bilen köýnekleri, gursakçalary bezemek, şol berkidilýän gaşlaryň köýnekleriň reňki bilen sazlaşdyrylyp saýlanylmagy nagyşlarda ajaýyp öwüşgin döredýär. Döwrebap biçüwli geýinýän gelin-gyzlar ýakasynyň açylyşy, nagyşlarynyň ýerleşdirilişi bilen hem geýýän eşiklerine goşmaça gözellik berýärler. Şeýle lybaslaryň üstünden dakynylýan owadan gülýakalaryň gaşlarynyň köýnegiň, elde göterilýän torbalaryň reňkine kybapdaş bolmagy özboluşly gözellik döredýär.

Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň nepislik bilen sünnäläp bejeren kürtesi Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine tabşyryldy. Bu ajaýyp nusgalyk kürte gyýak nagşy, okgözi, içýanagzy, tazy guýruk ýaly nagyşlar bilen bezelipdir. Ýakasynyň sag tarapyndaky 1971 ýyl diýen ýazgy köjeme usulynda tikilipdir. Üstünden elli ýyl geçse-de, lowurdap duran kürte Ogulabat ejäniň bu ajaýyp işi sünnäläp ýerine ýetirendigini aňladýar. Ogulabat eje bu kürtäni baldyzy üçin 20 günüň içinde taýýarlapdyr. Ussat keşdeçi Ogulabat ejäniň kürtäni şeýle inçelik bilen, şol döwre mahsus görnüşde keşdeländigini aýratyn bellemelidiris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe keşdeçilik sungatynyň we türkmen el halysynyň şöhratynyň täzeden belende göterilmegi, baý taryhly halkymyzyň nepis sungatynyň ösüşine aýratyn ähmiýetiň berilmegi ugrunda edilýän tagallalar milli mirasymyza, ajaýyp gymmatlyklarymyza goýulýan belent sarpanyň nyşanydyr.

Milli mirasymyzyň goralyp saklanmagyna, halkymyzyň buýsanjyna öwrülen dokmaçylyk sungatynyň ösdürilmegine uly üns berýän hormatly Prezidentimize alkyşlarymyz bimöçberdir. Gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünärinden döreýän ajaýyp halylarymyzyň we palaslarymyzyň bütin dünýäde meşhurlyk gazanmagyna giň ýol açýan mähriban hem Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Gülnar Ahmedowa, S.A.Nyýazow adyndaky

Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniñ Zenanlar guramasynyñ başlygy.

 

Türkmen telekeçileri: sanlar we maglumatlar

Ýene-de okaň

Saglygymyz özümize bagly

Saglygy goraýyş ulgamynyň galkynan döwri

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri