Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda batly gadamlar bilen öňe barýan Watanymyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Milli manadymyzyň hümmetini ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan pul-karz syýasaty hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşinde wajyp hereketlendiriji maliýe guraly bolup çykyş edýär.
Milli manadyň dolanyşyga girizilen senesi — 1993-nji ýylyň 1-nji noýabry döredijilikli özgertmeler döwrüniň ýyl ýazgysynda şanly seneleriň biri hökmünde Watanymyzyň taryhyna girdi. Manat türkmen döwletliliginiň, ykdysady durnuklylygyň nyşanyna we ýurdumyzyň özbaşdaklyk ýörelgelerini durmuşa geçirmegiň ugrukdyryjy guralyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda giň gerimli özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginiň netijesinde innowasion häsiýetli milli ykdysadyýetimiz okgunly ösdürilýär. Bu bolsa halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär.
Halk hojalygynyň okgunly ösüşiniň üpjün edilmegini maksat edinýän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmegi ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösmegi, ýeke-täk döwlet pul-karz syýasatynyň netijeli alnyp barylmagy üçin amatly şertleri döretdi».
2009-njy ýylyň 1-nji ýanwarynda milli manadymyzyň denominasiýasy geçirilip, täze özgertmelere badalga berildi. Şu geçen döwrüň içinde ýurdumyzda milli manadyň satyn alyp bilijilik ukybyny durnukly saklamak, bank hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek, hil taýdan täze, has ýokary derejä götermek, bank ulgamyna dünýä tejribesiniň öňdebaryjy usullaryny we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, manadyň hümmetini ýokarlandyrmak, netijeli maliýe gurallaryny işläp düzmek ýaly köpugurly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär we bu häzir hem dowam edýär.
Nagt däl hasaplaşyklaryň bank kartlary, elektron pul kartlary, elektron pul we elektron gapjyk ýaly döwrebap gurallar arkaly milli manadymyzyň üsti ýetirilip, ýurdumyzyň raýatlary «Altyn asyr», «Maşgala», «Goýum bank karty» ýaly bank kartlaryny peýdalanmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Häzirki wagtda nagt däl töleg ulgamyndan peýdalanýanlaryň sany barha artýar. Bu babatda müşderilere dürli hyzmatlaryň täze görnüşleri hödürlenilýär. Aýratyn hem «Cash back» (edilen nagt däl tölegleriň we hasaplaşyklaryň belli bir mukdaryny yzyna gaýdyp almak), «Overdraft» (kartdan karz almak) we beýleki hyzmatlardan peýdalanýan ildeşlerimiziň sany günsaýyn artýar.
Gurbanbike Orazmuhammedowa,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň “1D” toparynyň talyby.