Milli Liderimiz zähmet rugsadyny döredijilik hem-de sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlady. Elbetde, zähmet rugsadynyň günleri munuň üçin has-da uly mümkinçilikleri döredýär. Şeýlelikde, döwlet Baştutanymyz çeper döredijilik bilen meşgullanyp, türkmen alabaýy hakyndaky täze kitabynyň jemleýji setirlerini ýazdy. Tohum arassalygyny we gadymylygyny saklap galan bu itleri ahalteke bedewlerimiz, ajaýyp halylarymyz bilen bir hatarda, halkymyzyň taryhy mirasynyň bir bölegi diýip hasaplamak bolar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow kitabyň soňky setirlerini ýazyp, onuň senesini we goluny goýdy. Ol ýakyn wagtda çap edilip, öz okyjylaryny alabaýyň tohumy, onuň döreýşi, güjüklerine tälim bermegiň usullary, köpeltmegiň esaslary bilen tanyşdyrar. Neşir okyjylaryň giň gatlagy üçin bolşy ýaly, türkmen itleriniň taryhyny, alabaý güjüklerini ösdürip ýetişdirmegiň usullaryny öwrenýän hünärmenler üçin hem gyzykly bolar.
Bular barada hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitabynda gyzykly wakalaryň, arhiw maglumatlarynyň mysalynda gürrüň berilýär. Elbetde, milli Liderimiziň täze eseri alabaý itlerini, umuman, türkmen halkynyň mirasyny geljekde hem dünýä ýaýmakda örän uly ähmiýete eýe bolar.
Döwlet Baştutanymyz zähmet rugsadynyň dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda hem sagdyn durmuş ýörelgesine eýerip, säher bilen welosipedde gezelenç etdi.
Şeýle hem dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde welosiped sürdi. Bu ýerde Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew toplumyň ähli desgalaryny degişli derejede saklamak we netijeli peýdalanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz şäherçäniň desgalarynyň işini hemişe gözegçilikde saklamak, olaryň binýadynda ýaryşlary geçirmek hem-de türkmen türgenleriniň türgenleşiklerini guramak üçin ähli şertleriň döredilmegi barada tabşyryk berdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň ýygyndy toparlarynyň dürli halkara ýaryşlara taýýarlyk görmegi üçin işi ýola goýlan sport düzüminiň ähmiýetiniň uludygyny belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz bouling oýnalýan zala gelip, bu ýerde birnäçe takyk urgulary geçirdi, soňra ýüzülýän howzy gözden geçirdi, Olimpiýa şäherçesiniň sport enjamlary bilen üpjün edilen türgenleşik zalynda bolsa sport maşklaryny ýerine ýetirdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ahalteke bedewlerine aýratyn sarpa goýýar, atly gezelenç etmegi halaýar. Döwlet Baştutanymyz dowam edýän zähmet rugsadynyň bir gününde atçylyk toplumynda öz eý görýän bedewi Şapolat bilen didarlaşdy.
Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Şapolat bedewinde atçylyk toplumyň çäkleri boýunça gezim etdi.
Dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby enjamlaryň käbirini synagdan geçirdi, nyşana ok atdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz zähmet rugsadynyň dynç alyş günleriniň dowam edýän pursatlarynda maşgala agzalarynyň arasynda boldy. Şol günleriň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ses ýazýan studiýada aýdym-saz bilen meşgullanyp, agtygy Kerimiň döreden täze sazyny dürli görnüşli saz gurallary arkaly ýerine ýetirip, onuň birnäçe parçalaryny dürli ugurlar boýunça işledi. Şeýle hem milli Liderimiz bu eserde dürli saz gurallarynyň owazlarynyň utgaşmagy bilen baglanyşykly usullary ulanyp, saz eserini timarlady.
Döwlet Baştutanymyz täze saz eserine mähriban halkymyzyň gazanýan üstünliklerini, bedew batly ösüşlerimizi, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy wasp edýän goşgy setirlerini salyp, hiňlenip gördi.
Milli Liderimiz bu eser barada ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, kompozitorlaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, aýdymçylaryň we sazandalaryň pikirleriniň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu baradaky isleg-arzuwlaryny aýtsalar, Watanymyzyň Garaşsyzlyk gününe mynasyp sowgat boljakdygyny belledi.
Şeýlelikde, hödürlenilýän teklipler esasynda mynasyp goşgy setirleri bilen sazlaşygy emele getirmek arkaly döredilen aýdymyň ýerine ýetirijilik babatda gowudan-gowusy seçilip alnar. Täze eseri döreden döredijilik işgäri bolsa sylaga mynasyp bolar.
Şeýle hem dynç alyş günleriniň birinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýarygije kuwwatly sport awtoulagynda Garagum sährasynyň ýollarynda dowamly menzil aşdy.
Ýeri gelende aýtsak, milli Liderimiz bu sport awtoulagyny ogly Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikde, çyzgylaryň esasynda birnäçe enjamlaryny çalşyryp, hereketlendirijisini güýçlendirip, ýörite taýýarlapdy.
Milli Liderimiziň sport awtoulagyna ussatlyk bilen erk edip, çölüň giňişlikleri bilen okgunly menzil aşyp barýan pursatlarynda gündogar tarapdan şapak gyzaryp başlady. Ol sähra giňişligini we onuň içi bilen okdurylyp barýan ulagyň ýoluny ýagtylandyrdy.
Şu pursatda milli Liderimiz kuwwatly sport awtoulagy bilen sähra giňişligi arkaly menzil aşyp barşyna agtygy Kerimiň täze döreden sazyny diňledi. «Ýaşa Türkmenistan, bedew bady bilen diňe öňe!» atly täze saz eseri özüniň jadyly owazy bilen ylhamyňy joşdurýar. Belent ruha beslenen ýakymly saz sähra giňişliginde Türkmenistanyň ösüşe tarap batly gadamlaryny, Watana bolan söýgini hem-de halkymyzyň öz Prezidenti bilen bir bitewüligini aňladýan sena bolup ýaňlandy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasy boýunça kuwwatly sport awtoulagynda çylşyrymly ýollary geçip, Gün batyp, sähranyň garaňkylyga beslenýän pursatlarynda sähranyň özboluşly künjegi bolan «Garagum ýalkymy» diýen ýere geldi. Döwlet Baştutanymyz bu özboluşly täsinligiň daşyndan öwrüm edip, onuň keşbini we aýratynlyklaryny synlady. Şeýle hem bu ýerde milli Liderimiz sport ulagyny dolandyrmagyň ussatlygyny görkezdi.
Çeşme : www.tdh.gov.tm saýtyndan gysgaldylyp alyndy. Suratlar hem şol saýtdan alyndy.