JEMGYÝET

Milli Liderimiziň nobatdaky kitaby çapdan çykdy

Hormatly Prezidentimiz sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde täze kitabyny ýazyp gutarandygyny belledi. Milli Liderimiz bu kitaby “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” diýip at berendigini aýtdy.

1995-nji ýylyň 27-nji dekabrynda “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” hakyndaky kanunyň kabul edilmegi garaşsyz ýurdumyz üçin saýlap alan ösüş ýoluny kesgitledi. Biz ony hemişelik Bitaraplyk diýip atlandyrdyk. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy parahatçylygy söýmek, beýleki döwletleriň içeri işlerine goşulyşmazlyk, özygtyýarlylygyň we çäkleriň bitewüligini hormatlamak ýaly milli aýratynlygymyzyň ajaýyp talaplaryny öz içine alýar, diýip milli Liderimiz belledi.

Häzirki döwürde biz hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanyp, dünýäniň ähli döwletleri bilen üstünlikli amala aşyrýan özara bähbitli, parahatçylyk söýüji we dostlukly gatnaşyklaryň ykdysadymyzy berkitmäge, garaşsyz türkmen döwletiniň Ýer ýüzündäki abraý-mertebesini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berendigini bellän milli Liderimiz täze kitabynda türkmen Bitaraplygynyň milli köklerini, taryhy ähmiýetini açmaga çalşandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz bu kitabyň peýdaly hem-de gyzykly boljakdygy belläp, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly baýramyna sowgady bolandygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara Bitaraplyk baýramyna çenli galan wagtda bu kitabyň tanyşdyryş dabaralaryny geçirip biljekdigini belledi. Ministrler Kabinetiniň agzalary bu kitabyň ilkinji eýeleri boldular.

 

Tehnologiýa Sahypamyz

Tehnologiýa dünýäsinde bolup geçýän wakalar we täze açyşlar bilen gyzyklanmaýan okyjy ýok bolsa gerek!

 

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy