JEMGYÝET

Milli Liderimiz dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Mähriban Watanymyzyň dürli künjeklerinde gurulýan, milli ykdysadyýetimiziň geljegi uly bolan eksport ugurly pudaklarynyň ýokary tehnologiýaly kärhanalary ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň hem-de dünýä bileleşigi bilen utgaşykly gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Gaýtadan işleýän senagata degişli täze desganyň ulanmaga berilmegi dokma pudagynyň ösüş strategiýasyny durmuşa geçirmegiň, ony ösüşiň täze belentligine çykarmagyň, ýokary hil görkezijilerine laýyk gelýän giň ýokary hilli we bäsleşige ukyply önümleri artdyrmagyň hasabyna alynýan girdejileri artdyrmagyň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.

Ahal welaýatynyň dokma kärhanalarynyň üstüni ýetiren täze senagat toplumynyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän 2021-nji ýylda işe girizilýändigini bellemek ýakymlydyr.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň dokma pudagy häzirki döwüriň ileri tutulýan ugurlaryny we dünýäniň ykdysady giňişligine goşulmak meýillerini nazara almak bilen, milli ykdysadyýetimiziň okgunly ösüş ýoluna düşendigini äşgär edýär.

Soňky ýyllaryň dowamynda pudagyň düzümi tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge niýetlenen onlarça täze kärhanalar bilen üsti ýetirildi. Şeýlelikde, milli dokma senagaty halkara bazarlarynda eýeleýän omuny pugtalandyrdy. Mundan başga-da, ýüpek önümçiliginde, aýakgap we deri işläp taýýarlamakda işjeňlik görkezýän kärhanalaryň sany artýar.

DOKMA TOPLUMY SANLARDA

  • Daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen üpjün edilen täze, döwrebap dokma toplumy uly önümçilik kuwwatyna eýedir.
  • 3 müň 300 tonna ýokary hilli ýüplügi, 20 million inedördül metr dürli görnüşli matalary, şol sanda 18 million inedördül metr matalary boýamaga hem-de 3 million 500 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr.
  • Bu toplumyň ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleri ýurdumyzyň içerki bazaryny üpjün etmek bilen bir hatarda, pudagyň eksport mümkinçiligini artdyrar.
  • Şeýle hem onuň işe girizilmegi bilen 1 müň 150 täze iş orny dörediler.

 

Kembrij sözlügi ýylyň sözüni yglan etdi

Ýene-de okaň

Bosniýa we Gersegowina Türkmenistana täze ilçi belledi

Kenan Çoban: türkmen myhmansöýerligine minnetdarys

Türkmenistanyň Mejlisinde 2025-nji ýyly döwrebap atlandyrmaga bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistan Ýangy gala kanýonyny ÝUNESKO-nyň sanawyna hödürlär

TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň mejlisi

«Sanly çözgüt – 2024»: innowasion taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri belli boldy