JEMGYÝET

Milli Liderimiz BMG-niň Awaza forumynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy

Balkan welaýatynda iş saparynda bolan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynyň başynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary derejede geçirmek babatda guramaçylyk döwlet toparynyň alyp barýan taýýarlyk işleriniň ýagdaýy bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ir bilen Türkmenbaşy Halkara howa menziline geldi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.

Milli Liderimiz howa menzili bilen tanyşlygyň dowamynda bu ýerde ýerleşýän söwda nokatlarynda hyzmatlaryň ýokary hiliniň üpjün edilmelidigini, myhmanlar üçin ýörite sowgatlyklaryň taýýarlanylmalydygyny belläp, öz maslahatlaryny berdi. Howa menziliniň söwda nokatlarynda türkmen telekeçileri tarapyndan öndürilýän önümleriň dürli görnüşleri hödürlenilýär.

Milli Liderimiz howa menziliniň halkara gatnawlaryň ýolagçy terminalyna geldi we pasportlary resmileşdirmek nokadyndan geçdi. Soňra Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy gümrük geçiş nokadyndan geçdi we bu ýerde döredilen döwrebap şertler bilen tanyşdy.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenbaşy Halkara howa menziline gelip gowşan täze tehnikalaryň aýratynlyklary bilen tanyşdy.  Hormatly Arkadagymyz ýokary tizlikli sport awtoulagynda howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň tekizligini, uçarlaryň uçmagy we gonmagy üçin amatlylyk ýagdaýyny hem synagdan geçirdi.

Gahryman Arkadagymyz ýolugra howa menziline barýan ýoluň özboluşly aýratynlyklaryny synlady. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän dabaraly medeni çäreleriň geçirilýän ýerine geldi hem-de bu ýerde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy.

Halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde bu ýerde abadanlaşdyryş we enjamlaşdyryş işleri ýokary depginde dowam edýär. Dürli medeni çäreleriň, aýratyn-da, konsertleriň şowhunly geçirilmegi üçin ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy maslahatyň ähmiýeti barada aýdyp, bu ýerde ýerine ýetirilýän işlere toplumlaýyn çemeleşmegiň, hususan-da, awtoduralgalaryň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz milli tagamlaryň sergisine gowy taýýarlyk görmegiň we ony ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini aýtdy.

Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Hazar deňzinde gämili ýüzüşi amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew ýurdumyzyň deňiz çäklerinde, aýratyn-da, halkara forumyň geçiriljek döwründe tertip-düzgüniň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrjak dürli görnüşli gämileriň aýratynlyklary barada maglumat berdi.

Gahryman Arkadagymyz gämi arkaly ýüzüşiniň dowamynda deňiz giňişliginde tertip-düzgüniň berjaý edilişini gözegçilikde saklaýan gämileri synlap, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli tagallalaryň edilmelidigini belledi.

Soňra Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny geçirdi. Onda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi.

Hormatly Arkadagymyz çäreleriň geçirilýän döwründe Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň, howpsuzlygyň berjaý edilmegini gözegçilikde saklamagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şeýle hem Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy forumyň çäklerinde guraljak medeni-ynsanperwer çäreleriň, aýratyn-da, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli günleriniň hormatyna guraljak dostluk konsertiniň, milli tagamlaryň festiwalynyň guramaçylyk derejesine ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Şunuň bilen bir hatarda, maslahaty we onuň çäklerinde geçiriljek çäreleri giňden beýan etmek üçin internet serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagyna aýratyn üns berilmelidir.

Ýene-de okaň

Türkmenistan bilen Hytaý tehniki-ykdysady hyzmatdaşlyk ylalaşygyna gol çekdi

“Makul habar” elektron gazeti (33-sany)

Ata Watan Eserleri

Awazada taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: energetika we ulag hyzmatdaşlygy ösdüriler

Özbegistanyň Prezidentine köşekli arwana düýe sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

Awazadaky taryhy üçtaraplaýyn duşuşyk: resminamalar toplumyna gol çekildi

Ata Watan Eserleri

Azerbaýjanyň Prezidentine ahalteke bedewini sowgat berildi

Ata Watan Eserleri