Rus klassikasynyň, döwrebap edebiýatynyň wekili M. Lermontow 1814-nji ýylyň 15-nji oktýabrynda dworýan maşgalasynda eneden dogulýar. Ajaýyp lirikanyň awtory, gözel tebigatyň beýançysy şahyry, klassygy tanamaýan edebiýatçy ýa- da mekdep okuwçysy we beýleki adamlar ýokdur. Çünki onuň gözel lirizme ýugrulan döredijiligi bilen dünýäniň ýüzünde iň owadan tebigaty ynsan ahwallaryna salmasy bu günki gün bir- biriniň mährine suwsan adamzada mähir azygy bolup hyzmat edýär. Okanyňda ajap bir baýlygyň eýesi bolýaň. Şol gözellikleriň goýnunda öz okyjydygyň unutdyryp, özüň şol liriki gahrymanlaryň biri hasaplanylýan ýaly duýgyny başdan geçirýän ýaly bolýan goşgular asyrlary aşjak subut edilendir. Körpelikden edebiýatyň yşgynda bolan şahyryň döredijiligi elbetde bir bada gül açmasa- da onuň täsin çagadygyny kiçikä eýýäm bilýärler. Onuň kakasy Ýuriý Petrowiç Lermontow otstawka çykan, ýagny harby gullugy goýan kapitan bolupdyr. M.Ý. Lermontowyň ejesi Mariýa Mihaýlowa keselläp, ir ýogalypdyr.
Şol wagt M. Lermontow üç ýaşynda eken. Ejesiniň dünýäsini täzeleýşi elbetde körpeje şahyra gaty täsir edýär. Lermontowy onuň mamasy Ýelizaweta Alekseýewna Arsenýewa diýen baý pomeşşik aýal özüniň Penza guberniýasynyň Tarhany obasyndaky mülkünde terbiýeläpdir. Ýelizaweta Arsenýewa ýaş Mihaili Kawkaza, Pýatigorska äkidip, geljekki şahyryň saglygy barada köp alada edipdir. Meşhur iňlis şahyrlary Baýronyň, Şekspiriň eserlerini özbaşdak okapdyr. 1837-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda rus halkynyň beýik genisi A.S. Puşkiniň ölümi baradaky habar oňa örän agyr täsir edip, ýaş şahyryň kalbyny sarsdyrýar. Şol sebäpli Lermontow bu goşguda bu pajygaly wakany öz tragediýasy, ýitgisi ýaly kabul edýär.
Ýaş şahyryň ýüregine duýgy guýýan jümleler akmaga başlaýar. Şol hususan-da ýazylan eserleri soň- soňlar ol ýatlaýar. Ýaş Lermontow bolsa tä kämillik ýaşyna ýetýänçä, mamasynyň garamagynda galýar. 1827-nji ýylyň ahyrynda Arsenýewa öz agtygy Lermontowy alyp, Moskwa gelýär we şol ýerde ýaşamaga başlamagynyň asyl sebäbi bolsa, onuň edebiýat bilen ymykly meşgul boljagyny duýandyşlygy üçindir, megerem. 1828-nji ýylda mamasy 14 ýaşly Lermontowy Moskwa uniwersitetiniň ýanyndaky Blagorodnyý pansion mekdebine okuwa ýerleşdirýär. Mekdepde okaýan döwründe hem birnäçe wakalara ýüzlenýän şygyrlaryny ýazýar.
Pansionda Lermontow daşary ýurt ýewropa dillerini has kämil öwrenipdir. M.Ý.Lermontow azatlyk, gahrymançylyk, watançylyk, söýgi, dostluk we beýleki temalary wasp edýän köpsanly goşgular bilen bir hatarda «Msyri», «Gaçgak» «Söwdagär Kalaşnikow barada aýdym», «Demon», «Ysmaýyl beg» we başga-da birnäçe poemalary, «Maskarad», «Iki dogan», «Geň adam», «Ispanlar» atly dramalary ýazýar. M. Lermontow «Aşyk Garyp» atly ertekiniň we başga-da birnäçe eserleriň hem awtorydyr. Inçe lirizmiň ussady öz başdan geçiren we ýurdunyň, topragynyň başdan geçiren wakalaryny içki syrlary juda berk lirizme salyp, okyja hödürleýär. Bu bolsa onuň klassyka ýakynlaşmagyny alamatlandyrýar.
Altyn Nursahatowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň
Rus dili we edebiýaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.
