SPORT

Messiniň artykmaçlygy

Ispaniýanyñ çempionatynda oýun çalşygy geçirilen mahalynda köp peýda berýän oýunçy Lionel Messi diýip, “AS” metbugaty habar berýär. Maglumatlara görä, Messi özüniñ futbol ýolunda ätiýaçlyk oýunçy hökmünde oýna girip, 24 gezek tapawutlanmagy başarypdyr. Ispaniýanyñ futbol taryhynda ätiýaçda oturyp, soňradan duşuşyga girip, Messiden köp gol geçiren oýunçylar: Hulio Salinas (28) we Oskar de Pauladyr (27).

Koronawirus pandemiýasy sebäpli täzeden badalga aljak Ispaniýanyň çempionatynda “Barselona” topary 13-nji iýunda “Malýorka” topary bilen duşuşar. Messiniň şikeslidigine garamazdan, bu duşuşykda oýnamagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi