SPORT

Messi toparyna 700 million ýewro girdeji gazandyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messi häzirki wagtda çykyş edýän Fransiýanyň “PSŽ” toparyna bir möwsümde 680-den 720 million ýewro aralygynda girdeji gazandyrdy.

Ispaniýanyň “Marca” sport neşiriniň bilermenleriniň maglumatyna görä, Lionel Messiniň ady bilen baglanyşykly taýýarlanan dürli söwgatlyk harytlaryndan, marketingden we dürli derejede geçirilen duşuşyklardan 700 million ýewro töweregi girdeji gazanyldy.

Birinjiden, Fransiýanyň “PSŽ” topary taryhynda ilkinji gezek bir futbolçynyň köýnekçesiniň 1 milliondan gowragyny satmagy başardy. Messiniň “PSŽ” toparyndaky köýnekçeleri 50 bilen 90 ýewro aralygynda satyldy.

Şeýle hem 35 ýaşyny dolduran Messi bilen şertnama baglaşmak topara azyndan 10 sany täze hemaýatkär şertnamalaryny baglaşmaga, toparyň jemgyýetçilik torlaryndaky abunaçylaryň sanyny 15 million adama çenli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.

Mälim bolşy ýaly, Messi 2021-nji ýylyň tomsunda fransuz toparyna geçipdi. Ol bu toparyň düzüminde 34 duşuşyk geçirip, 11 gezek tapawutlandy. Messiniň şertnamasy indiki ýylyň tomsunda dolýar.

 

Neýmar täze topar gözleýär

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi