SPORT

Messi “Barselona” gaýdyp gelermi?

Meşhur argentinaly ýyldyz Lionel Messiniň “Barselona” toparyndan gitmegi futbol dünýäsiniň iň uly wakasy bolupdy. Ýöne Messi üçin bu toparyň gapylary doly ýapylmady. Bir döwür toparda bile çykyş eden we häzirki wagtda tälimçilik edýän Hawiniň Messini yzyna gaýtarmagy isleýändigi mälim edildi.

2021-nji ýylda 21 ýyllyk “Barselona” futbol karýerasyny tamamlan Messi Fransiýanyň “PSŽ” toparyna geçipdi. Ýöne onuň ozalky toparyna gaýdyp gelmegi entek hem gün tertibinde galýar.

Tälimçi Hawi ozaly topardaş ýoldaşy Messiniň entek hem “Barselona” toparyna goşant goşup biljekdigini mälim etdi.

– Messiniň başga bir topar bilen şertnamasy bar. Ýöne onuň ýakyn geljekde biziň aramyza goşulmagy mümkin däl. Ýöne toparyň ýolbaşçysy Laportanyň belläp geçişi ýaly, Lionel bilen “Barselonanyň” hekaýasy dowam edýär – diýip, Hawi belläp geçdi.

Hawi 3 ýyldan bäri “Barselona” toparynyň çempionlykdan uzak galandygyny belläp, täzeden çempionlyk üçin taýýardyklaryny belledi. Ol Lewandowski ýaly güýçli futbolçylary düzümine goşandyklaryny belläp, “Barselonany” ozalkysy ýaly, çempion topara öwürmegiň wagtynyň gelendigini belledi.

“Barselona” toparynyň 1 milliard ýewro golaý bergisiniň bardygyna garamazdan, topar 2022-nji ýylyň tomsunda Robert Lewandowski, Rafinýa, Frank Kessie we Andreas Kristensen ýaly futbolçylary düzümine goşdy.

 

Suares 16 ýyldan soňra yzyna dolanýar

Ýene-de okaň

Türkmen boksçysy Döwlet Islamow Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

AFK-nyň futbol boýunça dolandyryş okuwyna badalga berildi

Rumyniýaly meşhur tälimçis Mirça Luçesku aradan çykdy

Geçen ýylyň çempiony “Arkadag” täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady

Ankarada 2026-njy ýylyň şygryna we Bütindünýä saglyk günine bagyşlanan futbol bäsleşigi geçirildi

Aziýanyň boks çempionaty:türkmenistanly Döwlet Yslamow ýarym finala çykdy