SPORT

Messi 46-njy kubogyny gazandy

Häzirki wagtda ABŞ-nyň milli futbol çempionatynyň düzüminde çykyş edýän “Inter Maýami” toparynda oýnaýan dünýä belli argentin ýyldyzy Lionel Messi karýerasyndaky 46-njy kubogyny gazandy. Bu hem Messini iň köp kubok gazanan futbolçy derejesini has-da pugtalandyrýar.

“Inter Maýami” topary myhmançylykda “Kolambus Krýu” toparyny 3:2 hasabynda utdy we Baş futbol ligasynyň (MLS) wagtyndan öň çempiony boldy.

Bu duşuşykda Lionel Messi 2 gezek tapawutlandy we toparyň ýene-de bir goly Messiniň ýakyn dosty Luis suwaresden geldi.

“Inter Maýami” topary MLS çempionatynda 32 duşuşykda 68 utuk jemläp, birinji orunda barýar. Çempionatyň tamamlanmagyna 2 hepde galdy. Ikinji orundaky “Kolambus” 31 duşuşykda 57 utuk jemledi.

37 ýaşyndaky Messi futbol taryhynyň iň köp kubok gazanan futbolçysy boldy. Ol “Barselona” toparynda 4 gezek Çempionlar ligasynyň kubogyny, 3 gezek UEFA-nyň Superkubogyny, 3 gezek dünýä klublar çempionatynyň kubogyny, 10 gezek Ispaniýanyň çempiony, 7 gezek Ispaniýanyň kubogyny, 8 gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy.

Argentin ýyldyzy Fransiýanyň “PSŽ” topary bilen 2 gezek ýurduň çempiony we Fransiýanyň Superkubogyny gazandy. 2023-nji ýylda “Inter Maýami” topary bilen bolsa, Demirgazyk Amerika ligasynyň kubogynyň eýesi boldy.

Argentinanyň milli ýygyndysy bilen dünýä çempiony boldy, 2 gezek Amerikanyň kubogyny gazandy, 2008-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň ýeňijisi bolan Messi 8 gezek “Altyn pökgi” baýragy bilen bir hatarda 70 sany şahsy baýraklaryň eýesidir.

Ýene-de okaň

Fabio Kannawaro Özbegistanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolup biler

Döwletjan Ýagşymyradowa ýeňiş gazanmak başartmady

Özbegistan bilen Azerbaýjan 2027-nji ýylda dünýä çempionatyny kabul eder

FIFA 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynyň resmi topuny tanyşdyrdy

3-nji oktýabr: Döwletjan Ýagşymyradow Kori Anderson bilen duşuşar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan GDA ýurtlarynyň III Oýunlaryna gatnaşýar