DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky on dördünji duşuşygy geçirildi

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň her ýylky on dördünji duşuşygyna gatnaşdy.

Duşuşyk Özbegistanyň Hökümetiniň goldawy bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi (UNRCCA) tarapyndan guraldy.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlary, BMG-niň Owganystana kömek bermek boýunça missiýasynyň, BMG-niň Syýasy we parahatçylyk gurluşyk meseleleri boýunça departamentiniň, şeýle hem UNRCCA wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we Merkezi Aziýada sebit hyzmatdaşlygynyň ösüşiniň geljegine garadylar.

Şeýle hem Merkezi Aziýada parahatçylyga we howpsuzlyga täsir edýän wakalar we tendensiýalar barada pikir alyşyldy. Şu nukdaýnazardan, şeýle duşuşyklaryň ýüze çykýan töwekgelçiliklere öz wagtynda jogap bermekde we bilelikdäki hereketleri täze kynçylyklara uýgunlaşdyrmakda aýratyn orun eýeleýändigi nygtaldy.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň dollarynda Trampyň suratyny ýerleşmek üçin kanun taslamasy

Türkmenistan-Bütindünýä banky: hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary maslahatlaşyldy

Türkmenistan bilen Özbegistan durmuş goraglylygy pudagynda hyzmatdaşlygyny giňelder

Parahatçylygy wagyz etmekde jemgyýetçilik torlarynyň mümkinçilikleri ulanylýar

Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň mejlisi

Halkara Zähmet Guramasynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň Aşgabada sapary